“Türkmenistan durnuklylyk adasy” diýip, ýarym-resmi Orient.tm neşiri Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Luny sitirleýär.
ABŞ resmisi bu teswirleri Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda soňky iki ýylyň dowamynda bolup geçen halk aýaklanmalaryna, köpçülikleýin protestlere we dartgynlylyklara salgylanyp, 7-nji noýabrda Aşgabatda geçiren metbugat ýygnagynda aýdypdyr.
Donald Lu 6-njy noýabr – 11-nji noýabr aralygynda Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana sapar edýär.
Türkmen metbugatyna görä, Lu sebitdäki howpsuzlyk wehimleri baradaky soraga beren jogabynda ömrüniň 10 ýylynyň Merkezi Aziýa işi bilen baglanyşkly bolandygyny belläp, soňky wagtlar bilen deňeşdirilende sebitde “häzirki ýaly depginli döwri hiç haçan görmändigini” aýdypdyr.
Degişli maglumat ABŞ-daky türkmen studenti: “Türkmenistanda syýasat totalitar”ABŞ resmisi ýanwar aýynda Gazagystanda bolup geçen halk gozgalaňlaryna, iki ýyl ozal Gyrgyzystanda bolup geçen öwrülişiklere, tomus aýlarynda Täjigistanyň Dagly Badahşan awtonom sebitinde bolup geçen çaknyşyklara we Özbegistanyň Garagalpagystan sebitinde bolup geçen köpçülik protestlerine salgylanyp, bu wakalar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň 'durnuklylyk adasy ýaly bolup görünýändigini' aýdypdyr.
Ýatlasak, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we hökümetçi neşirler Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda bolup geçen tolgunyşykly wakalar barada öz wagtynda giňişleýin habar bermedi.
Glasgo uniwersitetiniň professory, Ýewraziýa boýunça bilermen Luka Ançeski ýokary derejeli ABŞ diplomatynyň Türkmenistan baradaky teswirlerini we bu teswirleriň türkmen mediasynda şöhlelendirilişini 8-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda seljerdi.
“Meniň pikirimçe, biz mundan iki sapak öwrenip bileris. Birinjilik bilen, türkmen mediasy ýurt içine halkara habarlary aç-açan saýlap berýär. Biz [türkmen mediasynda] Ukrainadaky uruş barada hiç zat eşitmedik, koronawirus pandemiýasy barada kän zat eşitmedik, ýöne ynha, häzir welin, biz [türkmen mediasynda] birden ABŞ diplomatynyň teswirleri barada eşidýäris. Bu, elbetde, meni bu habaryň režimi dabaralandyrmaga gönükdirilendigini pikirlenmäge iterýär. Sebäbi olar bu habary ilata ýetirenlerinde ABŞ-nyň, ABŞ hökümetiniň ‘Türkmenistanyň magtalmaly režimdigini’ aýdýandygy baradaky pikiri hödürleýärler” diýip, ekspert aýtdy.
Ýewraziýa boýunça bilermen Türkmenistandaky durnuklylygy “awtoritar durnuklylyk” hökmünde suratlandyrdy.
Degişli maglumat ABŞ-nyň ÝHHG-däki hemişelik wekili Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny tankyt etdi“Meniň gelen ikinji netijäm, bu megerem, iň möhüm netije – ýagny, ABŞ daşary syýasatda, hususan-da Merkezi Aziýada [alyp barýan daşary syýasatynda] özüniň nähili gymmatlyklarynyň we kadalarynyň bardygyny aňlamakda ugruny ýitirdi. Sebäbi, elbetde, eger siz durnuklylygy ‘protestleriň bolmazlygy” bilen deňeçer hasaplasaňyz, bu mümkin bolup biler. Ýöne bu ýalňyş bolardy. Sebäbi, biziň hemmämiz Türkmenistandaky durnuklylygyň awtoritar durnuklylykdygyny bilýäris. Bu durnuklylyk, elbetde, gysga möhletli. Bu durnuklylyk hukuklaryň bozulmagy arkaly, zulum arkaly, mediany sem etmek arkaly saklanýar. Üstesine-de, iň möhümi – bu uzak möhletli durnuklylyk däl. Meniň pikirimçe ABŞ diplomaty syýasat ýalňyşyny goýberdi, oýlanyşyksyz ýalňyş goýberdi. Men muny başgaça düşündirip bilmeýärin” diýip, Glasgo uniwersitetiniň professory Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
ABŞ özüniň daşary syýasatynda we halkara gatnaşyklarda demokratik ýörelgeleri, ynsan mertebesiniň hormatlanylmagyny we adam hukuklarynyň götergilenmegini ileri tutýar.
Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara hasabatlarda Türkmenistanyň hökümeti ynsan hukuklaryny depelemekde, raýatlaryň esasy azatlyklaryny çäklendirmekde tankyt edilýär.
Orient.tm neşiri amerikan diplomatynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem teswirländigini habar berýär.
Galyberse-de, türkmen metbugatyna görä, amerikan diplomaty Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen soňky ýyllardaky gatnaşyklaryny “örän gyzykly” häsiýetlendirip, ABŞ-nyň Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň bolmagyny isleýändigini aýtdy.
Degişli maglumat Täze hasabat: Türkmen häkimiýetleri krizisleri gizlemek syýasatyny dowam etdirýär“Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýanyň Russiýa bilen oňyn, netijeli gatnaşyklarynyň bolmagyny isleýär. Sebäbi bu sebitiň halklary bilen Russiýanyň arasynda uzak döwri öz içine alýan taryh bar” diýip, Orient.tm neşiri amerikan diplomatynyň sözlerini getirýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi häzirki wagtda garaşsyzlyk, özygtyýarlylyk we territorial bitewilik ýörelgeleriniň hem sebit üçin, hem-de global derejede örän möhümdigini aýtdy.
Şeýle-de, rus habar serişdeleri döwlet sekretarynyň kömekçesiniň “ABŞ-nyň Russiýa garşy girizilen sanksiýa režiminden Türkmenistanyň häkimiýetleriniň we iş toparlarynyň bähbit gazanmagy ugrunda hemaýat bermegi göz öňünde tutýandygy” baradaky sözlerini hem sitirleýärler.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy Azatlygyň bu baradaky soragyna şeýle jogap berdi: “Biz häkimiýetleriňiz bilen [Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň] Türkmenistandaky biznes we telekeçilik pudaklaryna ýetirip biljek täsirini kemeltmek ugrunda işleýäris”. Ilçihananyň maglumatynda bellenilşi ýaly, ABŞ diplomaty “halkara sanksiýalaryň Merkezi Aziýanyň halklaryna gönükdirilmändigini” nygtady.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň 2019-2025-nji ýyllar aralygy üçin Merkezi Aziýa boýunça strategiýasy sebit ýurtlarynyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini ABŞ üçin iň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaýar.
TDH-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Donald Lu 7-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, türkmen – amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahat etdi.
Makala 9-njy noýabrda täzelenip, oňa ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Azatlygyň soragyna urgadan jogaby goşuldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.