Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ulaglaryň hereket çäklendirmesini ýatyrdy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda daşary ýurtly, şol sanda ýerli ýük ulaglarynyň hereketine mundan iki ýyl ozal töweregi girizen çäklendirmelerini ýatyrdy. Soňky aýyň dowamynda Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtly ýük ulaglary üçin käbir ýeňilleri döredendigi, emma ýerli sürüjileriň daşary çykmagyna rugsat bermeýändigi, olaryň hem muňa ‘özleriniň ala tutulýandygy’ baradaky nägilelikleriniň artýandygy barada maglumat beripdi.