Mary welaýatynyň oba hojalygy pudagyna degişli edaralarynda, şol sanda tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda prokuratura işgärleri derňew işlerine girişdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji noýabrda sebitden habar berdi.
Mary welaýatynda prokuratura işgärleri oba hojalyk edaralarynda barlag işlerini geçirýärler diýip, ýerli oba hojalykçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
Sebitde prokuratura işgärleriniň girişen barlaglary Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda sebitlerde pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, daýhan birleşikleriň başlyklarynyň işleriniň seljerilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Oba hojalyk hünärmenleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýurduň oba hojalygy pudagynyň ozaldan ünsden düşürilendigini aýdyp, geçirilýän barlaglaryň netijeliligini sorag astyna alýarlar.
Degişli maglumat Prezident sebitlerde pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýtdy, oba başlyklary seljerilmeli edildi“Oba hojalygy pudagynda zähmet çekýän adamlar ýeter-ýetmezçilikden ejir çekip geldi. Indi bolsa, prokuratura işgärleri etraplardaky oba hojalyk edaralaryny barlap, ‘günäkär’ gözleýärler” diýip, bir oba hojalyk işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýerli mehanizatorlar kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň alyp barýan barlaglarynda tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hasabynda duran traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň barlanylýandygyny aýdýarlar.
“Prokuratura işgärleri näçe tehnikanyň guratdygyny, näçe tehnikanyň işe ýaramaýandygyny barlaýarlar” diýip, “Obahyzmat” – tehnikalara hyzmat ediş kärhanasynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Oba hojalykçylar ýerli edaralaryň, şol sanda tehnikalara hyzmat ediş kärhanalarynyň üpjünçilik ýagdaýynyň pesdigini aýdýarlar.
“Tehnikalaryň ätiýaç şaýlarynyň üpjün edilmeýändigine garamazdan, iş talap edilýär, obalardaky başlyklar ýokdan bar edip, ekin ekdiler, ýygnadylar” diýip, oba hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Prezident Berdimuhamedow 31-nji oktýabrda welaýat häkimleri bilen geçiren ýygnagynda daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň “işleri talabalaýyk, başarnykly ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly seljerme işleriniň geçirilmelidigini” tabşyrdy. Welaýat häkimleriniň bu seljerme işleri boýunça prezidente hasabat bermegine garaşylýar.
Degişli maglumat 'Buýruk bermegi gowy görýän adamlar gözegçilik edýän kişi bolup, kömek etmäge derek, päsgel berýär'Ýerli oba hojalyk hünärmenleri häkimlikleriň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada berýän “toslama hasabatlarynyň” önümçiligi bökdeýändigini aýdýarlar.
“Mary welaýatynda bugdaý ekişi tamamlandy diýip, hasabat berdiler. Emmä welin, hakykat ýüzünde bugdaý üçin bölünip berlen ýerleriň hatda üçden bir bölegine-de bugdaý ekilmedi. Heniz hem bugdaý ekişi dowam edýär. Muny hemmeler bilýär” diýip, oba hojalyk hünärmenleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi 31-nji oktýabrda Marynyň welaýat häkimligine salgylanyp, “sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk geçirilýändigini we kadaly gögerişiň alynýandygyny” habar berdi.
“Daş-töweregimiz aldaw... Näme sebäpden ekilip dynylmadyk bugdaý meýdanlary barada ‘ekildi’ diýip, hasabat berýärler!? Ýalan sözlemän, göni aýdanyňda bolmaýarmy!? Aldaw aşakdan ýokary gidýär, ýokardan aşak gaýdýar, iň soňunda, taýak ‘parahorlara’ däl-de, ýokdan bar etjek bolup, häkimlikleriň aldap aýdýan zatlaryny ýalana çykarmajak bolup, gijesini gündiz edip, halal zähmet çekýän adamlara gelip degýär we ähli günä zähmetsöýer ‘garamaýaklaryň’ boýnuna ýüklenýär. Ýa-da derňewiň netijesi nähili tamamlansa-da, ol hemişe bolşy ýaly, ‘parahorlaryň’ bähbitlerine bolup, iň soňunda kösenýän ýene-de garyp halk bolýar” diýip, ýerli oba hojalyk işgärleri aýdýarlar.
“Obahyzmat” – tehnikalara hyzmat ediş kärhanasynyň işgärleri ozalky ýyllarda öz edaralaryna täze gelip gowşan tehnikalaryň ýyllaryň geçmegi bilen hatardan çykandygyny, olaryň ätiýaç şaýlary bilen üpjün edilmändigini gürrüň berýärler.
Degişli maglumat Şugundyr eken daýhanlar: Oba resmileri ne dökün, ne suw, ne-de tehnika üpjünçiligine ýardam edýär“Bize 2014-nji ýylda gelip gowşan “Case” traktorlary 2018-nji ýylda döwlüp, hatardan çykyp başlady. Biz bu tehnikalary bejerip bermeklerini soradyk. Şonda bizi hiç hili ätiýaç şaýlary bilen üpjün etmezden, abat tehnikalar üçin hatardan çykan tehnikalaryň ätiýaç şaýlaryny alyp ulanmak maslahat berildi. 2014-nji ýylda gelen “Case” traktorlary ilkibaşda ýer sürüp, ýer agdaryp, bugdaý ekişinde özlerini gowy tarapdan görkezdiler. Emma onuň hereketlendirijisi hatardan çykanda, oňa ätiýaç şaýlaryny getirip bermäge derek, onuň abat şaýlarynyň indiki döwüljek traktorlarda ulanylmalydygyny aýtdylar. Soňra olaryň şaýlary alyndy, köp sanly ätiýaç şaýlary daşyndan sorap gelenlere satyldy. Iň bolmanda, onuň boltlary we nurbatlary kilesi 4-5 manatdan satyldy. Indi bolsa, köp tehnika bagryny ýere berip ýatyr, diňe gury ramasy bar, başga zady galmady” diýip, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bir işgäri anonim şertlerde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň oba hojalygy pudagyna degişli edaralarynda alnyp barylýan prokuratura derňewleri barada welaýat häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.