Türkmen okuwçylarynyň FLEX-e gatnaşmak mümkinçiligi dikeldilýär

Logo FLEX-iň logosy

Türkmen mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap FLEX okuw maksatnamasyna gatnaşyp bilerler diýip, “Türkmenportal” amerikan resmisiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

“Biz şu hepde Türkmenistanyň Hökümetinden FLEX okuw maksatnamasyna dalaşgärleri saýlap almagy gaýtadan ýola goýmaga razylyk berlendigi bilen bagly hoş habary aldyk” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu Aşgabatda žurnalistler bilen duşuşanda aýdypdyr.

Onuň tassyklamagyna görä, bu okuw maksatnamasyna häzire çenli türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň 920-si gatnaşdy we olaryň her biri bir ýylyň dowamynda amerikan mekdeplerinde okamak mümkinçiligini aldy.

Lu bu maksatnamanyň Covid-19 global pandemiýasy sebäpli wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.

Şeýle-de, "Salam.News" neşiriniň maglumatyna görä, şu günler Aşgabatda iňlis dilinde gepleşmek ukybyny ösdürmäge kömek edýän mugt sapaklar berilýär.

Hepdede bir gezek guralýandygyna garamazdan, iňlis dili mugallymlarynyň alyp barýan sapaklarynda dürli temalardaky çekeleşikli oýunlar guralýar diýip, habarda aýdylýar.