Abu Dabi aeroporty Aşgabat bilen arada uçar gatnawyny açar

Bezeg suraty

Abu Dabi aeroporty (ADA) iki hepdeden Türkmenistandan Abu Dabä gelýän uçarlary görer diýip, “Zawya” neşiri ADA-nyň baş täjirçilik işgärine salgylanyp habar berýär.

Fransua Burýeniň (Fransua Bourienne) sözlerine görä, pandemiýadan soňky uçar gatnawy islegleriniň ýokarlanmagy sebäpli, “Al Bateen” ýerine ýetiriji aeroportunda täze ýolagçy desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

"Biz iki hepdeden Türkmenistanyň Aşgabatdan Abu Dabä gurajak käbir uçuşlaryna başlarys” diýip, Burýen aýtdy.

Türkmenistan soňky aýlarda ozal ýapylan uçar gatnawlarynyň birnäçesini, şol sanda, wiza düzgüni girizileninden soň, Türkiýe bilen aradaky howa aragatnaşygyny dikeltdi.

Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň syýahat çäklendirmelerini gowşadyp, halkara uçar gatnawlaryny dikeldip başlamagy daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlara täze umytlary berdi.

Ýurtdaky agyr işsizlik, gymmatçylyk şertlerinde güzeran aýlamak mümkinçiliklerini tapyp bilmedik adamlar maşgalalaryny eklemegiň edil häzirki ýagdaýda ýeke-täk çykalgasyny daşary ýurtlarda görýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary boýun almaýar.

Degişli maglumat Halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilip başlanmagy bilen, Türkmenistandan daşary ýurtlara gitmek isleýänler 'köpelýär'