Daşoguz welaýatynda sadaka bermegi soraýan çagalaryň sany köpeldi. Olar bazarlaryň we hususy dükanlaryň töwereginde ýygnanýarlar diýip, garaşsyz Turkmen.news neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 2-nji noýabrda habar berdi.
"Çagalar söwda eden adamlary görseler, olar üýşüp şol adamyň ýanyna ylgaýarlar we tas şol adamlaryň sumkalaryna göz aýlaýarys diýsek hem bolar. Çagalar şol adamlardan 'çörek üçin' bir ýa-da bir ýarym manat bermegi soraýarlar. Belki olaryň maşgalalarynda çörek alar ýaly pul bardyr. Şeýle-de bolsa, olaryň gowy geýinmändigini, aýakgaplarynyň könedigini görüp, durmuş ýagdaýlarynyň ýaramazdygy sebäpli pul soraýandyklaryny aňsa bolýar" diýip, neşir öz çeşmesiniň sözlerini sitirleýär.
Neşir käbir ýukaýürek adamlaryň çagalara pul berýändigini, ýöne raýatlaryň arasynda bu çagalaryň ene-atalarynyň işsizdigini aýdyp, olary maddy taýdan goldamagy degerli hasaplamaýanlaryň bardygyny hem belleýär.
Degişli maglumat Maryda dükanlardan azyk ogurlaýan çagalar 'köpelýär'"Çagalara kömek etmek isleýän başga bir kategoriýa hem bar. Ýöne ilatyň bu kategoriýasy özlerindäki her bir manady aýawly sowmaly bolýar" diýip, neşir ýazýar.
Azatlygyň habarçylary hem soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda öýlere aýlanyp ýa-da bazarlaryň, hususy dükanlaryň töwereginde durup, dilegçilik edýän ýa-da sadaka bermegi soraýan, zir-zibil çeleklerini dörýän çagalaryň göz-görtele köpelendigini yzygiderli habar berýärler.
Habarçylarymyz muňa ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň, döwlet dükanlaryndaky arzan azyk üpjünçiliginiň barha ýaramazlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Geçen aý habarçylarymyz ykdysady krizisiň täsirleriniň ilat arasynda günsaýyn köp duýulýandygyny belläp, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde dilegçileriň sanynyň göz-görtele artandygyny, çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalarynyň hem köpelendigini habar berdiler.
Habarçylarymyz ogurlyk hadysalaryna esasan şäheriň hususy dükanlarynda we bazarlarynda duş gelse bolýandygyny aýdyp, çagalaryň köplenç azyk önümlerini ogurlaýandygyny bellediler.
Degişli maglumat Marynyň polisiýasy köpçülikde gedaýçylyk edýän adamlary nyşana alýarŞonda bazarlarda we dükanlarda söwda edýän telekeçiler ogurlyk hadysalarynyň köpelmegine soňky aýlarda polisiýa işgärleriniň dilegçilere garşy göreşi güýçlendirmeginiň belli-bir derejede sebäp bolandygyny hem aýtdylar.
Bu habardan bir hepde çemesi öň, Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtda plastik we karton ýaly galyndylaryň kabul edilmeginiň bes edilendigini habar beripdiler. Bi kilogramy 5 manada tabşyrylyp, gaýtadan işlenilýän galyndylar köp hojalygyň, şol sanda çaganyň ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýardy.
Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary we ilat arasynda barha köp göze ilýän garyplygy ykrar etmeýär. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.
Muňa derek, häkimiýetler adamlaryň dilegçilik etmeginiň, sadaka soramagynyň we zir-zibilleri dörmeginiň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirýärler. Häkimiýetleriň bu çäresi ýakynda bellenen Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda has-da batlandy. Şonda bu raýatlar zor bilen bazarlaryň we dükanlaryň töwereginden kowuldy, käbirleri wagtlaýyn tussag edildi.
Degişli maglumat Aşgabatda plastik gaplar gaýtadan işlenmek üçin kabul edilmeýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.