PÝGG hususy sürüjilere basyş edip, döwlet ulaglarynyň kemçiliklerini ‘görmezlige salýar’

PÝGG işgärleri

Geçen hepdeden bäri ýurduň günorta we gündogar sebitlerini birleşdirýän magistral ýoluň ugrunda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugunyň (PÝGG) işgärleri bukuda gizlenip, dürli bahanalary arap, geçip barýan ulaglardan para almaga synanyşýarlar. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli sürüjiler ýol polisiýasynyň, ýol kadalaryny görnetin bozýan, döwlet belgili ulaglara batyrnyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Soňky günlerden bäri Mary-Türkmenabat magistral ýolunyň ugrunda bukuda gizlenip duran ýol polisiýanyň işgärleriniň sany göz-görtele köpeldi. Geçen şenbe güni [Lebap welaýatynyň] Zerger etrapçasyndan Türkmenabadyň ‘Ak bazaryna’ çenli aralykda azyndan dört dürli ýerde sekiz polisiýa işgäriniň, eli radarly ýoluň gyrasyndaky baglaryň arasynda bukulyp duranyny gördüm” diýip, ýerli sürüjileriň biri 1-nji noýabrda gürrüň berdi.

Ol ýol polisiýa işgärleriniň ýoluň iki tarapyna hem gözegçilik edýändiklerini, geçip barýan hususy ulaglaryň tas ählisini saklaýandyklaryny hem belledi.

“Eger-de kesgitlenen tizlikden geçmedik bolsaň, polisiýa ulagyň daşky görnüşine, arassalygyna, ilkinji medisina kömek bukjasyna dagy yrsarap, sürüjiniň ‘bolmasa, özümiz oňuşaýaly’ diýmegini, ýagny para teklip etmegini gazanjak bolýar. Polisiýa ulagyň jerime duralgasyna äkidilmegi bilen hem haýbat atýar. Başyňy gutarmagyň hatyrasyna, alaçsyz 20 manat töwereklerinde para bermeli bolýarys” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Degişli maglumat Lebapda PÝGG ulaglary ‘delilsiz’ saklap, ‘açyk ýagdaýda’ para soraýar

Ol polisiýanyň esasan hem hususy hojalyklara dürli esbaplary, gurluşyk harytlaryny daşaýan ýa-da bazara mal äkidip barýan ýük ulaglaryny has köp saklaýandyklaryny hem belledi.

Şol bir wagtda, bu ýagdaýlary başdan geçiren Azatlygyň ýene bir söhbetdeşiniň sözlerine görä, ýol polisiýasy, daşky keşbi hapa, ýol kadalaryny görnetin bozýan döwlet belgili ulaglary ‘görmezlige salýar’.

“Polisiýa hususy ýük ulaglaryna has köp azar berse-de, ýoluň ugrundaky awtobanyň gurluşygyny alyp barýan ýaşyl (döwlet) belgili ulaglary asla saklamaýar. Mundan birnäçe gün öň, magistral ýolunda hususy ulagymy döwlet belgili bir ýük ulagy bilen deňeçiräk sürüp barýardym. Ýük ulagynyň daşky keşbi juda hapady, çyralarynyň biri hem döwükdi, şeýle-de üstüne gereginden has artyk gurluşyk harytlary ýüklenipdir. Ýoluň bir ýerinde polisiýa bukudan howlukmaç çykdy. Men radara düşmejek bolup tizligimi peseltsem hem, döwlet belgili ýük ulagy gaýta hereketini artdyrdy. Polisiýa diňe meni saklady” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly sürüji gürrüň berdi.

Ol polisiýanyň kesgitlenen tizlikden 15 km artyk geçendigi üçin jerime ýazmak haýbaty bilen, para alandygyny, emma beýleki, has tiz hereket eden ulagy näme sebäpden saklamandygy bilen gyzyklananda, polisiýa işgäriniň oňa “Köp biljek bolma, ýoluň bilen boluber!” diýip, dyzmaçlyk bilen ýüzüni alyp goýberendigini hem belledi.

Azatlygyň söhbetdeşleri, ozalky tejribelerine salgylanyp, polisiýanyň üstünden arza etseňem, hiç hili netije görülmeýändigini, gaýta soňy bilen özlerine basyş edilýändigini aýdyp, bu ýagdaýlar boýunça degişli edaralara şikaýat etmän, diňe habar serişdeleriniň üsti bilen äşgär etmegi saýlap alandyklaryny bellediler.

Degişli maglumat Maryly sürüjiler welaýat prokuraturasyna arza ýazyp, ýol polisiýasyndan şikaýat etdi

Türkmenistanyň häkimiýetleri we ýerli metbugat serişdeleri sebitiň köçelerinde polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada aç-açan habar bermeýärler. Azatlygyň bu barada Marynyň we Lebabyň ýol polisiýasyndan kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.

Soňky aýlarda Türkmenistanda häkimiýetler köçelerde polisiýa gözegçiligini güýçlendirdiler. Tomsuň dowamynda, Maryda ýol polisiýasy gizlenip durup, köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlara jerime salandygy mälim boldy. Şol bir wagtda, polisiýa işgärlerinden "jerime planyny dolmagyň" talap edilýändigi hem belli boldy. Tomsuň aýaklarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde polisiýa zenan sürüjilere garşy gözegçiligi güýçlendiripdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralar alnyp barylýan bu çäreler barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. ​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.