Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Hytaýa eksport eden gazynyň bahasy 7,32 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Bu barada Türkmenistanyň media serişdesi bolan "Biznes Türkmenistan" TASS rus agentligine we Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp habar berdi.
Neşiriniň çap eden maglumatynda munuň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51% ýokarydygy aýdylýar.
Maglumata görä, diňe awgust aýynda Hytaý 2,3 milliard kubometr türkmen tebigy gazyny import edipdir.
Şeýle-de, maglumatda Türkmenistanyň Hytaýa gazgeçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda beýleki ýurtlara garanda öňde barýandygy, Russiýanyň agzalan döwürde Hytaýa tebigy gaz eksportynyň 2 milliard 800 million amerikan dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,83 esse artandygy bellenýär.
Turba gazgeçirijileri arkaly Hytaýa tebigy gazy akdyrýan ýurtlaryň hataryna Mýanma ($980 million), Gazagystan ($937 million) we Özbegistan ($768 million) agzalýar.
Hytaý Türkmenistanyň esasy gaz hyrydarydyr. 2009-njy ýylda işe girizilen Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýän Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň üç liniýasy ýylda 55 milliard kubmetr gazy akdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazynyň mukdaryna we bahasyna degişli sanlar seýrek çap bolýar.