Hileler, hýbatlar, betbagtçylyklar: Russiýanyň harby mobilizasiýasynda merkezi aziýaly migrantlar nyşana alynýar

Russiýanyň goşunynda söweşmek üçin işe alnanlar ýurduň Krasnodar şäherindäki harby gullugyň golaýynda awtobusa münýärler.

Russiýanyň harby tälim bazasynda geçirilen ýaragly türgenleşikler wagtynda, iki esger Moskwanyň Ukrainadaky urşunda meýletin söweşmäge gelen beýleki harby gullukçylara ot açdy.

Iki hüjümçiniň we başga-da russiýaly azyndan 11 adamyň ölmegine sebäp bolan 15-nji oktýabrdaky waka, Kremliň ukrain güýçleriniň garşylyklaýyn hüjümine garşy harby mobilizasiýany yglan etmeginden birnäçe hepde soň boldy.

Hüjüm edenleriň biriniň 24 ýaşly täjik raýaty Ehson Aminzodadygyny onuň garyndaşlary Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Täjik gullugyna aýtdy. Aminzodanyň dogany Firuz öz doganyny soňky ýedi aýyň dowamynda Moskwanyň bir restoranynda işleýän "adaty migrant" häsiýetlendirip, onuň "terrorçy däldigini" aýtdy.

Russiýanyň Belgorod şäherinde bolup geçen ganly waka barada köp zat näbelli bolsa-da, mobilizasiýa hereketiniň Russiýada işleýän millionlarça merkezi aziýaly migranta abandyrýan howpy aýdyňdyr.

Degişli maglumat Duşenbe 'hormat' isleýär, Astana Russiýadan gidýän kompaniýalara 'geliň' diýýär, Aşgabat ‘biznes üçin açykdygyny’ aýdýar

Adam hukuklaryny goraýjylar ýalňyşlyk bilen rus goşunyna ýazylan ýa-da ýazylmak üçin basyş edilen müňlerçe migrantyň kömek sorap özlerine ýüzlenendigini aýdýarlar.

Russiýada ýerleşýän adam hukuklary guramasy “Tong Jahoniniň" müdiri Walentina Çupik her gün migrantlardan alýan 500-den gowrak ýüzlenmesiniň üçden biriniň ýaramaz niýetli hakyna tutmalar bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Bu habarlar, rus resmileriniň harby mobilizasiýanyň gutarýandygyny öňe sürýän mahalyna gabat gelýär.

Bu ýüzlenmeler, Moskwanyň Saharowo migrasiýa merkezinde migrantlardan harby gulluk resminamalaryny öz içine alýan 40 sahypalyk resminama gol çekmegiň soralandygy baradaky ýagdaýlary öz içine alýar. Käbir beýleki ýagdaýlarda bolsa, Russiýanyň raýatlygy ýa-da ýaşamak üçin rugsady bolmadyk merkezi aziýaly migrantlara deslapky resminamalar berilýär.

"Russiýada häzir hemme zat bolup bilýär" diýip, Çupik AÝ/AR-nyň "Amerikanyň sesi" (VOA ) neşiri bilen hyzmatdaşlykda işleýän rus dilindäki "Current Time" gullugyna aýtdy.

"[Migrantlaryň] köçede polisiýa ýa-da milli harby gullukçylar tarapyndan tussag edilip, urlup-ýenjilmegi, jyns organlaryna elektrik togunyň urulmagy we goşuna ýazylmaga [mejbur edilmegi] ýaly mysallar bar. Elbetde, olar gol çekýärler" diýip, Çupik sözüne goşdy.

Çupik migrantlaryň yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýan beýleki kynçylyklarynyň - talanmakdan býurokratik süýrenjeňlige çenli - "uruş sebäpli hasam güýçlenendigini" aýdýar.

Mobilizasiýa yglan edileli bäri Merkezi Aziýadan näçe raýatyň ýa-da goşa raýatlygy bolan adamlaryň Russiýanyň goşunyna çagyrylandygy entek belli däl.

Moskwanyň Saharowo migrasiýa merkezi

20-nji sentýabrda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň harby mobilizasiýany yglan etmeginden bir gün öň, Döwlet Dumasy bir ýyl harby gullugyň öwezine daşary ýurt raýatlaryna "ýönekeýleşdirilen" tiz ýol bilen Russiýanyň raýatlygyny hödürleýän kanuny üýtgetmeleri kabul etdi.

Soňky hepdelerde Saharowo merkezindäki migrantlara, olaryň öz hökümetleri daşary ýurtlardaky söweşlere gatnaşýan raýatlaryň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm ediljekdigi barada duýduryş berse-de, Russiýanyň goşunynda gulluk etjeklere aýda 3000 dollardan gowrak aýlyk beriljekdigi baradaky "listowkalar" gowşuryldy.

Işe alýanlar, şol sanda Kreml bilen ilteşikli "Wagner" harby topary, Russiýa döwletiniň has köp täsir edip biljek toparlaryny, şol sanda tussaglary we höküm edilenleri nyşana almak üçin wagt ýitirmediler.

Düýbi Moskwada ýerleşýän "Russiýa gözenekleriň aňyrsynda" atly jemgyýetçilik guramanyň bilermeni Ruslan Wahapow AÝ/AR-na beren interwýusynda harby gulluga alýanlaryň Russiýanyň günorta-günbataryndaky Stawropol şäherindäki tussaghana baryp, Merkezi Aziýa raýatlaryny harby gulluga almaga synanyşýandygy barada özlerine köp sanly habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Ol bu tussaghanada saklanýanaryň Russiýanyň migrasiýa kanunlaryny bozmakda aýyplanyp tussag edilendigini hem belledi.

"Bular watanyna gaýdyp barmak üçin bilet satyn almagy başaran adamlar, emma merkezdäki harby adamlar olaryň gitmeginiň öňüni alýarlar. Olar [migrantlara] ýaragly güýçlere goşulmagyň artykmaçlyklary barada hoşniýetlilik bilen habar berýärler" diýip, Wahapow aýtdy.

Wahapow Russiýanyň türmelerindäki Merkezi Aziýanyň raýatlaryna has gödek çemeleşilýändigini hem habar berdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 15-nji sentýabrda Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde geçirilen dabarada agaç ekýärler.

Russiýanyň Wladimir sebitinde rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyý bilen bir türmede oturan özbek raýatynyň ejesi ogly özüne kodly haty iberenden soň, "Russiýa gözenekleriň aňyrsynda" atly jemgyýetçilik gurama ýüzlenýär. Ol, ogluna uly howp abanan ýagdaýynda, onuň kodly haty ibermelidigi barada oglunyň we özüniň öňünden ylalaşandygyny belleýär. Şeýle-de, aýal oglunyň zorluklar we gorkuzmalar arkaly goşuna goşulmaga mejbur edilendigine ynanýar.

Wahapow, resminamalara gol çekmäge mejbur edilendigine ynanylýan adamyň harby mobilizasiýa çekilmekden halas bolmagynda Moskwadaky özbek ilçihanasynyň möhüm rol oýnandygyny aýtdy.

"Olar [ilçihana] goşulandan soň, ertesi gün ol türmäniň umumy bölüme [harby gulluga] iberilmäge taýýar edilen tussaglar üçin niýetlenen bölüminden göçürildi. Oňa türme işine gaýdyp gelmäge rugsat berildi" diýip, ol belledi.

Harby gulluga çekilmek howpy saklanýar

Çupik AÝ/AR-na beren interwýusynda harby gulluga alynmak bilen baglanyşykly şikaýatlaryň, sentýabr aýynyň ahyryndaky ýokary dereje bilen deňeşdirilende, üç esse azalandygyny, muňa migrantlaryň “akyllanmagynyň”, ýagny habarlylygynyň artmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

"Tong Jahoni" guramasy, Putin harby mobilizasiýany yglan edenden bir gün soň, iki raýatlygy bolan merkezi aziýaly birnäçe ýüz adamyň Russiýadan gaçmagyna kömek etdi. Şeýle hem bu bildiriş on müňlerçe rus erkekiniň ýurtdan gaçyp gitmegine hem sebäp boldy.

Sentýabr aýynyň ahyrynda Russiýanyň Bataisk şäherinde harby mobilizasiýa sebäpli goşun gullugyna çekilen erkekler bir hatara düzülýär.

Şu aýyň başynda AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy Moskwadaky kwartirasynda tussag edilip, birnäçe ýyl öň böwreginden operasiýa edilendigi sebäpli hroniki saglyk problemalarynyň bardygyna garamazdan, harby bölüme alnyp gidilen gyrgyz raýatynyň ýagdaýy barada habar berdi. 36 ýaşly Esen (Gyrgyz raýatynyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi) birnäçe sagatlap iýmitsiz we suwsyz galansoň, harby bölümde huşuny ýitirdi. Ol hassahana ýerleşdirilýär we bu ýerde lukmanlar onuň böwrek problemalaryny tassyklaýan resminamany berýär.

Ýöne harby resmiler Eseniň rus pasportyny konfiskasiýa edip, onuň söweşmäge ýaramlydygyny aýdýarlar we haby gulluga gatnaşmasa, onda onuň tussag edilmegi barada görkezmäniň çykaryljakdygyny duýdurýarlar.

Esen we onuň aýaly kwartiradan gaçdylar. Eseniň aýaly Gyrgyz gullugyna beren maglumatynda Gyrgyzystandan gyrgyz pasportynyň iberilmegine garaşýandyklaryny, şondan soňra adamysynyň Russiýany terk etmäge synanyşjakdygyny aýdyp, häzirki wagtda özleriniň bukuda ýaşaýandyklaryny belledi.

14-nji oktýabrda Putin mobilizasiýanyň aýyň ahyryna çenli gutarjakdygyny we ilkinji üç hepdäniň dowamynda harby güýçleriň 220 müň adam ýygnandygyny aýtdy. Birnäçe günden soň, Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin mobilizasiýanyň paýtagtda tamamlandygyny we harby gulluga çagyrylýandygy baradaky resminamalaryň taslamasyna jogap bermediklere garşy hiç zat edilmejekdigini aýtdy.

Ýöne Çupik, Russiýanyň Ukrainadaky urşunda "top okuna zerurlyk dowam etdigiçe", Russiýanyň pasportyna eýe bolan ýa-da eýe bolmadyk migrantlaryň söweşmek üçin "meýletinlige" mejbur ediljekdigini aýdýar.

"Hiç kim şertnamalaýyn işe alynmagy bes etmedi" diýip, ol sözüne goşdy.

Makala AÝ/AR-nyň žurnalisti Chris Rickleton tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.