Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlary köpelýär

Bezeg suraty

26-njy oktýabrda Belawiýanyň açan uçar gantnwaynyň çäginde iberen ilkinji uçary Türkmenbaşa gondy diýp, “Türkmenistanyň Hronikasy” awikompaniýanyň telegram sahypasyna salgylanyp habar berýär. 1-nji noýabrdan başlap, bu uçuşlaryň sişenbe günleri, her iki hepdede bir gezek amala aşyryljakdygy habar berilýär.

“Türk howaýollary” 2-nji noýabrdan Stambul - Türkmenbaşy - Stambul ugurlarynda yzygiderli uçar gatnawlaryny dikelder diýip, hökümetçi neşirler biraz öň kompaniýanyň Aşgabatdaky bölümine salgylanyp habar berýärler.

Uçuşlar çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar we geljekde kompaniýa olaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär.

Türkiýeden Türkmenistana gelmek we yzyňa dolanmak üçin biletleriň bahasy 497 dollardan başlanýar. Olary “Türk howaýollarynyň” Aşgabat bölüminden alyp boljakdygy aýdylýar.

Mundan öň, oktýabr aýynyň başynda “Türkmenistan” howaýollarynyň Aşgabat - Stambul - Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeldendigi habar berildi.

“Trend” neşiri uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigi barada beren habarynda türkmen raýatlarynyň Türkiýä barmagy üçin wiza almagynyň zerurdygyny belleýär.

Şu aralykda hökümetçi neşir Türkmenistan bilen Gruziýanyň (Gürjüstanyň) arasynda ilkinji gezek göni uçar gatnawynyň ýola goýuljakdygyny aýdýar, ýöne uçarlaryň haçan uçup başlajgyny anyklaşdyrmaýar.

Habarda aýdylmagyna görä, gürji parlamenti iki ýurduň hökümetleriniň “Howa aragatnaşygy barada” şu ýylyň 20-nji iýulynda baglaşan şertnamasyny tassyklady we Aşgabat bilen Tbilisiniň göni uçuşlara başlamagyna mümkinçilik berýän ylalaşyk güýje girdi.

Resminama laýyklykda, Gruziýa (Gürjüstan) we Türkmenistan birek-biregiň howa giňişliginde uçuşlary amala aşyrmak, ýolagçylary we ýükleri daşamak hukugyny aldylar.

Iki ýurduň awiakompaniýalary birek-birekde petek (bilet) satuw ofislerini açmak we petek satmak hukugyna eýe, täze gatnaw ýakyn geljekde ýola goýlar diýip, habarda bellenýär.