Türkmen görnüşleri - 42-nji hepde

Aşgabat. Suw gytçylygy suw çüwdürimleriniň hem barha kän 'dynç almagyna' sebäp bolýar. Ýöne olary arassa saklamak uly iş bolmagynda galýar.

Aşgabat. Dükandan çörek alyp bilen çagalaryň-da, ulularyň-da ýüzi ýagtylýar, nobata durup, soň öýe çöreksiz gelmek hiç kime hoş ýakmaýar.

Ak awtoulaglaryň 'şalyk sürýän' köçelerinde gara balak, gara köýnek geýip, egninde gara halta göterýän ýigitler-de bolýar.

Köçedäki adamlar, her kimiň öz barjak ýeri bar.

Çörek 'oljasy oňan', çagalaryny begendirjek sürüjiniň ak awtoulagy beýleki ak awtoulaglardan owadan görünýär.

Aşgabatly çagalaryň esasy oýun meýdançasy köçeler we ýanýollar bolup galýar.
 

Täze däp. Indi diňe gelinligi däl, täze doglan bäbekleri hem bezelen awtoulagda getirmeli. Käbirleri bu hili däpleri halkyň 'eliniň uzadan ýerine ýetmegi' bilen düşündirýär.

Aşgabatly gelin. Hem ogluny mekdepden getirýär, hem telefonda gürleşýär.

Ak mermerli Aşgabat. Ýodalar ýola, ýollar ile elter diýipdirler.

Ýol gözegçileri ýurtda iö işli adamlar boldy, olar şübhe bildiren sürüjileriniň tas ahlisini saklap, barlap bilýärler. Ýöne, resmi taýdan tassyklanmadyk habarlara görä, eger-de bilmän arkaly sürüjileri saklasaň, işiňi ýitirmek howpy bar.

Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.