“Köp ýagdaýlarda buýruk bermegi gowy görýän adamlar gözegçilik edýän kişi bolup, kömek etmegiň deregine, päsgel berýärler” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni kanun çykaryjylar bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.
Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda eden çykyşynda ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň pes depgininden nägile boldy we munuň bilen baglylykda ýolbaşçylary we häkimleri günäkärledi. Öňki prezident häkimliklerde gözegçilik edýän işgärleriň sanynyň köp bolmagynyň zähmetkeş daýhanlaryň işine päsgelçilik döredýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýärler.
Degişli maglumat Balkanly kärendeçiler: Harmana tabşyrýan pagtamyzyň mukdary ammarlarda kemeldip ýazylýar“Her häkimlikde işgärleriň sany esli bar. Olaryň hemmesi gözegçilik etmek, başlyk bolmak isleýär. Netijede, halal zähmeti bilen ekin ekýän her bir daýhana, önüm öndürýän her bir zähmetkeşe birnäçe başlyk bar. Şeýlelik bilen, işde zähmet çekýänden ýolbaşçy kän. Köp ýagdaýlarda buýruk bermegi gowy görýän adamlar gözegçilik edýän kişi bolup, kömek etmegiň deregine, päsgel berýärler. Şoňa görä-de, ýolbaşçylar, häkimler günäkär diýen netijä gelinýär” diýip, eks-prezident kanun çykaryjylaryň we welaýat häkimleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
Şenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş binasynda Milli geňeşiň wekilleri, welaýat häkimleri, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary we beýlekiler ýygnak geçirdi. Döwlet metbugatyna görä, ýygnagyň dowamynda ýurduň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seredildi we oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň oba hojalygy pudagyny ösdürmek bilen baglylykda ýeriň hakyky eýesiniň tapylmagy bilen bagly meseläniň ähmiýetini ýene bir gezek nygtady.
“...Ahal welaýatynda bildirilýän talaplar boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy kanagatlanarly däl. Pagta ýygymy pes derejede alnyp barylýar. Bugdaý ekişi-de örän yza galýar. Welaýatda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy hem ýaramaz. Suw akabalary gazylmaýar. Döwlet tarapyndan köp möçberde satyn alnan tehnikalar hem eýesiz saklanýar” diýip, eks-prezident aýtdy.
Türkmenistanly daýhanlar indi ençeme ýyl bäri, ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden, ekin meýdanlarynyň mineral dökünleri bilen üpjünçiligi bilen bagly ýüze çykýan päsgelçiliklerden we tehnika ýetmezçiliginden yzygiderli şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu problemalar barada ýyllarboýy habar berip gelýär.
Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligi berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýar.
Degişli maglumat Lebaply daýhanlar tehnika aladalarynyň arasynda şaly oragyna girişýärEks-prezident ýurduň oba hojalygy pudagynda işleriň kanagatlanarsyz alnyp barylmagyna “ekerançylaryň we zähmetkeşleriň günäkär däldigini, käbir daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirýändiklerini aýtdy. “Ýöne olaryň sany entek köp däl. Näme üçin olaryň sany köpelmeýär?” diýip, öňki prezident ýygnanalara sorag bilen ýüzlendi.
Ol henizem ýeriň hakyky eýesiniň tapylmaýandygyny, haçan-da, ýeriň hakyky eýesi tapylanda, oňa başlygyň hem, ýolbaşçylaryň görkezmeleriniň hem, ýolbaşçylaryň hem gerek bolmaýandygyny, sebäbi ýeriň hakyky eýesiniň öz etmeli işini bilýändigini nygtady.
Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurtda ýeriň hakyky eýesini tapmak barada gürrüň edip gelýär. Ýöne bu gözlegler henizem netije bermeýär.
2018-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanda düýpli oba hojalyk reformalary yglan edildi. Munuň yz ýany, ýurtda pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandy.
Ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda kärendeçi daýhanlar döwlet tabşyrygy esasynda hususan-da gowaça we bugdaý ösdürip ýetişdirýärler we ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwletiň harmanhanalaryna tabşyrýarlar.
Galyberse-de, soňky ýyllarda ýeralma we şugundyr ýaly gök-bakja ekinleri hem döwlet tabşyrygyna girizildi.
Türkmenistanda ýurduň oba hojalygy pudagy ilatyň ep-esli bölegini iş bilen üpjün edýär hasaplanýar.
Degişli maglumat Türkmen prezidentleriniň obada ‘büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.