Stambulda türkmen aktiwistiniň ogluna hüjüm edildi

Şamil Gurbandurdiýew ejesi Narjemal Altiýewa bilen

Türkmen migranatlarynyň meseleleriniň çözülmegini sorap çykyş edýän we türkmen häkimiýetlerini tankyt edýän aktiwistiň ogluna Stambulda hüjüm edildi. 28 ýaşly Şamil Gurbandurdiýew, pasport almak üçin Stambuldaky türkmen konsullygyna ençeme gezek şowsuz ýüz tutan müňlerçe türkmen raýatynyň biridir. Maşgala Şamiliň ýenjilmegi, şeýle-de wakadan soň ýüze çykan gumürtik ýagdaýlaryň ençemesi sebäpli polisiýa ýüz tutdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahmet Rahmanow bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Stambuldan habar berýär.

Hüjüme sezewar bolan Şamil Gurbandurdyýewiň ene-atasy bu ýagdaý bilen baglanyşykly dörän birnäçe geň pursatlar sebäpli türk häkimiýetlerine ýüz tutmak we gorag soramak kararyna geldi. Hüjümçiler Şamil Gurbandurdyýewi ýenjenden soň, oňa birnäçe gezek jaň edip, öýlerine-de barypdyr. 17-nji oktýabrda Gurbandurdyýew maşgalasy polisiýa we prokuratura ýüz tutdy.

Ýigidiň kakasy Rozymyrat Gurbandurdyýewiň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, 15-nji oktýabrda Şamil işe tigirli barýarka, 30-35 ýaşlaryndaky iki näbelli adam ony saklapdyr. Olaryň biri ýumrugy bilen ýigide topulypdyr, ikinjisi pyçak çykarypdyr. Şamil welosipedini taşlap gaçmaly bolupdyr. Emma agşam, Şamil işden soň öýünde ýatyrka iki nätanyş adam gapyny kakyp, ony çagyrmagy sorapdyr we welosipedini özüne gaýtaryp bermek isleýändiklerini aýdypdyr.

Degişli maglumat "Bäş adam bolup topuldylar". Türkmen aktiwistleri Stambuldaky hüjüm barada gürrüň berdiler

Gelen adamlar özlerini tanatmandyr.

"Gelenleriň biri, öz aýalynyň başga biriniň welosipedini öýe getirendigi üçin gaharlanyp, ony eýesine yzyna gaýtaryp bermegi talap edendigini aýtdy" – diýip, Rozymyrat Gurbandurdyýew gürrüň berdi we şol pursada çenli bolan wakadan özüniň habarsyz bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, gelen adamlar Şamili daşara çagyryp, özleriniň ony urmak üçin hakyna tutulandyklaryny aýdypdyrlar.

"Olar Şamili ýenjip, ony urýan sahnasynyň surata düşürilmeginiň talap edilýändigini aýtdylar. Olar buýrulan işini ýerine ýetirendiklerini subut etmeseler, kynçylyk çekjekdiklerini duýdurdylar" – diýip, Rozymyrat Gurbandurdyýew gürrüň berdi.

Bularyň hemmesi ýigidiň ene-atasynyň gözüniň öňünde bolup geçdi we olar başda muňa razy bolupdyr. Bularyň hemmesi wideoýazga düşürildi we Gurbandurdiýewleriň gözüniň öňünde müşderä iberildi.

"Jogap geldi. Onda Şamiliň pyçak bilen ýaralanmalydygy ýazylypdyr. Onuň ýöräp bilmezligi talap edildi. Olar bu habaryň tekstini görkezdiler" – diýip, Rozymyrat Gurbandurdyýew aýdýar. Onuň sözlerine görä, yzýany hakyky ýakalaşyk bolupdyr we bu surata düşürilipdir. Şondan soň näbelli adamlar maşgala öýde galmagy, hiç ýere gitmezligi we näme etmelidigini olara soň özleriniň aýtjagyny buýurypdyr. Olar polisiýa ýüz tutmagy hem gadagan edipdir we Şamil bilen habarlaşjak her bir adama onuň ýenjilendigini aýtmagyny isläpdir.

Rozymyrat Gurbandurdyýew, özlerini tanyşdyrmadyk adamlaryň bu wakadan soň ýygy-ýygydan jaň edip, näme etmelidigini aýdyp durandygyny, 16-njy oktýabrda jaň edenlerinde bolsa, Şamiliň ýenjilendigini görkezýän wideony internetde ýerleşdirilmegi we ene-atasynyň bu waka hakda özleriniň çykyş etmelidigini tabşyrandygyny gürrüň berdi.

17-nji oktýabrda Gurbandurdyýewler Stambulyň polisiýasyna we prokuraturasyna ýüz tutdular. Maşgalanyň agzalary Bahçeliýewler polisiýa merkezine baryp, agşam öýlerine gaýdyp gelenlerinde, hüjümçiler jaň etmegini dowam etdiripdir. Sagat 22 töwereginde näbelli adamlar bu gezek öýlerine üç bolup barypdyr.

Gurbandurdyýewler ýene-de polisiýa jaň etdiler.

Rozymyrat Gurbandurdyýew ýene bir jaň gelende, öýüne baran polisiýa işgärleriniň jaň edenleriň biri bilen gürleşip bilendigini aýdýar. Gürrüňdeşlik wagtynda jaň edenler özleriniň hakyna tutulandygyny boýun alypdyr. Söhbetlik ýazga alynypdyr.

Bu ýagdaýlar häzirki wagtda polisiýa tarapyndan öwrenilýär. Derňew alnyp barylýar.

Hüjüme sezewar bolan 28 ýaşly Şamil Gurbandurdyýew, "Türkmenistan Halk Hereketi" atly aktiwist hereketini esaslandyranlaryň biri, aktiwist Rozymyrat Gurbandurdyýewiň ogly.

Türkmen raýatyna edilen hüjüm barada ilkinji bolup habar beren “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) Şamiliň kakasy 56 ýaşly Rozymyrat Gurbandurdyýewiň 16-njy awgustda Stambuldaky Türkmen konsullygyna baranda urup-ýenjilenleriň arasynda bolandygyny belleýär.

Degişli maglumat Aktiwist Stambuldaky türkmen konulhanasynda başdan geçirenlerini gürrüň berdi

Ýatlatsak, 16-njy awgustda türkmen aktiwistleri, aklawçylar we adam hukuklaryny goraýjy iki türk aktiwisti bilen baranlarynda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň howlusynda hüjüme sezewar bolupdy. Olar türkmen diplomatlaryna prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna açyk hat gowşurmaga synanyşypdy.

Şamil Gurbandurdyýew pasport almak üçin Stambuldaky türkmen konsullygyna şowsuz ýüz tutan köp sanly türkmen raýatynyň biridir. Onuň kakasynyň sözlerine görä, ýigit türkmen konsullygynda pasport almaga 18 gezek synanyşypdyr, ýöne berk korrupsiýa bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.

"Galanlary indiki hepdä, indiki aýa we şeýdip, müdimilik soňa galdyrýarlar. Tä para berilýänçä. Kimdir biri, para tölemezden bir ýarym aýda ýa-da iki aýda zerur resminamasyny alyp bilse. Beýlekileriň garaşýança ýaşaýyş rugsady gutarýar. Ony dikeltmek üçin çylşyrymly proseduradan gaýtadan geçmeli bolýar. Konsullygyň ýalňyşlygy sebäpli bir adam bikanun immigrant bolup galýar"- diýdi Rozymyrat Gurbandurdyýew aýdýar.

Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň raýatlaryň dokumentlerini sazlamakdaky korrupsiýa barada çap bolan köp sanly habarlara reaksiýasy nämälim galýar. Türkmen resmileri garaşsyz metbugat çeşmeleriniň çap eden maglumatlaryny we raýatlaryň sosial ulgamlarda paýlaşýan çykyşlaryny kommentirlemediler. Azatlyk Radiosynyň konsullygyň wekillerinden teswir almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

Gurbandurdyýewleriň ýüzbe-ýüz bolýan pasport problemasy ýene-täk ýagdaý däl. Pasportsyz galan türkmenistanlylaryň sany köp. Kimdir biri dymyp, garaşmagyny dowam etdirse, beýlekiler, şol sanda Şamil we Rozmyrat Gurbandurdyýewler aç-açan gürlemegi, şol sanda sosial ulgamlarda çykyş edip, öz ýagdaýlaryny paýlaşmagy makul bilýärler.

Rozmyrat Gurbandurdyýew konsullyk işgärlerinden özüne birnäçe gümürtik zatlaryň aýdylandygyny gürrüň berdi. Ol özüne "sen gara sanawda"; "Näçe gelseň-de, ogluňa pasport berilmez; "ogluň ellerini we aýaklaryny döwüris"; "daşary çykaňyzda seresap boluň" ýaly şuňa meňzeş haýbatlaryň atylandygyny Azatlyga gürrüň berdi.

Müňlerçe türkmen raýaty Türkiýede dokumentsiz galýar we bikanun ýaşamaga mejbur bolýar. Türkmenistan ýurduň daşyndaky raýatlarynyň möhleti geçen pasportlaryny diňe şu ýyl çäkli görnüşde uzaldyp berip başlady.

Sentýabrda bolsa, Türkmenistanyň haýyşy boýunça Türkiýe türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi.

Degişli maglumat Aktiwistler üçin 'gül' we öli pişik. Stambulda türkmen aktiwistiniň öýüne polisiýa reýd geçirdi

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.