Balkanly kärendeçiler: Harmana tabşyrýan pagtamyzyň mukdary ammarlarda kemeldip ýazylýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýän mahaly, pagtaçy kärendeçiler hasyly döwlet harmanyna tabşyrmak döwründe "bidüzgünçilikleriň bardygyny" habar berýärler. Olar harmana tabşyrýan pagta hasylynyň mukdarynyň ammarlarda kemeldip ýazylmagyndan şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Welaýatyň Bereket we Serdar etraplaryndaky harmanhanalaryň pagtalary ölçäp, kabul edýän nokatlaryndaky tereziler pagtanyň mukdaryny ýalňyş ölçeýär. Ýagny bu tereziler her bir tonna pagta hasylyndan 250-300 kilogram pagtany kem görkezýär. Munuň kärendeçileriň hasylyny ogurlamak üçin harmanhana işgärleri tarapyndan gurnalandygy ikuçsyz" diýip, bereketli kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz bu mesele bilen bagly şu günler Serdar etrabynyň 'Ýaşlyk' we 'Tutly' daýhan birleşiklerindäki kärendeçi daýhanlar bilen harmanhana işgärleriniň arasynda yzygiderli uruş-dawa bolýandygyny hem habar berýär.

Degişli maglumat Darganataly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda onuň agramynyň kem ýazylýandygyny aýdýar

"Her 2,5-3 tonna pagtadan 750 kg kemeldilýär. Men 5 gektar ýerimden Serdaryň harby birikmesiniň esgerleriniň ýardamy bilen, 3 tonna pagta hasylyny aldym. Ýer başynda kolhoz resmileriň gatnaşmagynda ölçelen pagtamyň mukdary 3 tonna çykdy. Ýöne şol günüň özünde döwlet harmanyna eltilen pagtamyň 2 tonna 220 kg-a deňdigini aýtdylar. Men tas 1 tonna golaý pagtanyň kem gelmegi bilen ylalaşman, pagtamy başga ýerde ýerleşýän pagta arassalaýyş kärhanasyna alyp gitdim. Bu ýerde meniň pagtamyň agramynyň 2,8 tonnadygyny aýtdylar" diýip, serdarly bir kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Ol döwlet harmanhanasynyň we pagta arassalaýyş kärhanasynyň çykaran netijelerini alyp, häkimlige ýüzlenendigini, ýöne ýüzlenmesiniň oňyn netije tapmandygyny hem belledi.

"Häkimligiň resmileri meni diňlemediler. Sebäbi harmanhanada kärendeçilerden ogurlanýan pagtanyň puluny harmanahana resmileriniň häkimligiň resmileri bilen paýlaşýandygy ähtimaldan daşda däl" diýip, kärendeçi aýtdy.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçileriň öz ekin meýdanlaryndan ýygyp alan pagta hasyly döwletiň harmanhanalaryndaky işgärler tarapyndan terezide ölçenýär. Işgärler pagtanyň diňe özleriniň terezilerinde ölçenen netijelerini bellige alyp, hasyly kabul edýärler.

Kärendeçileriň sözlerine görä, pagtanyň mukdarynyň kemeldip ýazylmagyna razy bolan daýhanlaryň hem kynçylyklary tamamlanmaýar. Olar pagta hasylynyň döwlet harmanyna kabul edilmegi üçin-de para bermäge mejbur bolýarlar.

"Harmanhana resmileri pagtanyň çyg we hapadygyny aýdyp, ony kabul etmejekdiklerini aýdýarlar. Bu pagtaçy daýhanlardan para almagyň ýene bir usuly bolup, daýhanlardan her 3 tonna hasyl üçin 200 manada golaý para soralýar" diýip, balkanly daýhan aýtdy.

Degişli maglumat Prezident pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap edýär, ýygymçylar ‘pagta ýok’ diýýär, mejbury zähmet agzalmaýar

Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalýan etraplaryň häkimliklerinden we oba-hojalyk bölümlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky günlerde türkmen häkimiýetleri pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bu möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işletmek barada ýygy-ýygydan çykyş edýärler. Ýöne ýurt ýolbaşçylary ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler harmana tabşyrýan pagta hasylynyň mukdarynyň ammarlarda kemeldip ýazylmagy barada ýyllarboýy habar berip gelýärler. Hasylyň kemeldip ýazylmagy bilen pagtaçy däl, eýse gallaçy daýhanlar hem ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Şu ýylyň maýynda maryly kärendeçileriň biri ekin meýdanyndan alty tonna bugdaý hasylyny alandygyny, ýöne ony bugdaý ammaryna eltende, onuň mukdarynyň 4,5 tonna diýlip kesgitlenendigini, soňra onuň "hapa we çygdygy" aýdylyp, hasylyň 2 tonna diýlip ýazylandygyny gürrüň berdi.

Şu ýyl Balkanda pagta ýygym möwsümine resmi taýdan 7-nji sentýabrda badalga berildi. Bu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Degişli maglumat Balkanda “ak kerwen” dabarasy başagaýlyk döretdi, esgerler pagta ýygýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.