Türkmenistanyň käbir sebitlerinde sakgal goýýan we metjide barýan adamlary yzarlamak çäreleri güýçlendi. Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň köçelerinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýanyň işgärleri sakgal goýýan adamlara garşy reýdleri geçirýärler. Saklanan adamlar polisiýa merkezlerine alnyp gidilýär we bu ýerde olar sakgalyny syrmaga mejbur edilýär. Şeýle-de, býujet işgärlerine dilden berlen görkezme esasynda metjide baryp, namaz okamak gadagan edilýär. Bu gadagançylygy bozanlar işden çykarylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan habar berdi.
"Türkmenbaşyda sakgal goýýan we metjide barýan adamlary yzarlamak köpeldi. Esasan 50 ýaşyna ýetmedik adamlar yzarlanýar. Geçen hepde sakgaly diňe gelşik üçin goýup, namaz okamak we dini işler bilen hiç hili işi bolmadyk ýaş adamlary saklap, 2-nji polisiýa nokadyna alyp gidip başladylar. MHM we polisiýa işgärleri saklananlardan näme üçin sakgal goýandyklaryny soraýarlar we olary sakgalyny syrmaga mejbur edýärler" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, MHM we polisiýa işgärleri bu çäreleriniň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler. Ýöne olar saklanan adamlara 0,5 sm-den ösgün sakgally raýatlara "dini radikalizimde" şübhe bildirilýändigini duýdurýarlar.
Degişli maglumat Lebabyň häkimiýetleri adamlaryň sakgalyny syrmak çärelerini güýçlendirdiler"Saklanan raýatlardan sakgaly syrylandan soň, 'indi galan ömründe sakgalyny her gün syrjakdygy' barada dilhaty hem alynýar we olar bu barada Gurhandan ant içmäge hem mejbur edilýär" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz metjide barýan adamlary yzarlamak işleriniň hem güýçlendirilendigini aýdyp, hususan-da bu ýere baran býujet işgärlerine garşy berk çäre görülýändigini habar berýär.
"Býujet işgärlerine metjide baryp, namaz okamak dilden berlen görkezme esasynda gadagan edilýär. Umuman ýolbaşçylar namaz okaýanlary halamaýarlar. Bu gadagançylygy bozanlar işden çykarylýar. Ýakynda şäheriň 26-njy mekdebiniň bir hojalyk işgäri metjide baryp, öýle namazyny okap durka barlag gelipdir. Işgär öýle namazyny özüniň iş arakesmesinde okan bolsa-da, ol işinden boşadyldy. Ýogsam, hojalyk işgärleri günortan sagat 12:00-14:00 aralygynda dynç alýarlar. Sagat 13:30-da okalýan öýlän namazy 10 minutda tamamlanýar" diýip, ýagdaýdan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Habarçymyz metjitlerde diňe býujet işgärleriniň däl, eýse adaty raýatlaryň hem yzarlanýandygyny, bu ýerde saklanan sakgally adamlaryň has jikme-jik sorag edilýändigini aýdýar.
"Muhammet pygamberimiziň sünneti bolandygy üçin sakgal goýýan adamlardan 'dini ynanjyň wahabizmmi? Radikal dini guramalara agzamy ýa dälmi?' ýaly soraglary berýärler. Olaryň telefonlary jikme-jik barlanýar we onda islendik mazmundaky dini maglumat bolsa, şol raýatlar hasaba alynýar" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Mundan başga-da, şäheriň metjitlerinde raýatlaryň namaz okamak düzgünlerine hem berk gözegçilik edilýär. Habarçymyzyň maglumatyna görä, ymamlar metjidiň kesgitlän namaz okamak düzgünlerinden başgaça namaz okaýan adamlary "MHM işgärlerine tabşyrýarlar".
Azatlyk bu aýdylanlar barada MHM-niň ýerli edarasyndan we Türkmenbaşynyň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri mollalary başga dinlere garşy wagyz-nesihata çekýärlerTürkmenistanda sakgal goýýan ýaş adamlara garşy ýene reýdleriň geçirilýändigi barada garaşsyz neşir "Turkmen.news" hem habar berdi. Neşir 18-nji oktýabrda çap eden maglumatynda reýdleriň paýtagt Aşgabatda geçirilýändigini, saklanan adamlaryň polisiýa merkezine alnyp gidilyändigini we bu ýerde olaryň sakgallaryny syrmaga mejbur edilýändigini aýdýar.
"Tussag edilen adamlary polisiýa merkezlerine ýa-da direg nokatlaryna alyp gidýärler. Bu ýerde olar sakgallaryny syrmaga mejbur edilýärler. Men munuň manysyna düşünmeýärin. Men Russiýada okadym, ol ýerde islendik adam sakgal goýup bilýär, her çüňkde dellekhana bar" diýip, neşir öz çeşmesiniň sözlerini sitirledi.
Türkmenistanda her bir raýatyň dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini adatlary, däp-dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaga bolan hukuklary, din azatlygy ýurduň Baş kanunynda kepillendirilýär.
Muňa garamazdan, ýurtda indi ençeme ýyl bäri raýatlaryň sakgal goýmagy dil üsti bilen berlen görkezmeler esasynda gadagan edilýär. Habarçylarymyz diňe ýaşy 50-den aşan adamlaryň sakgal goýmagyna rugsat berilýändigini aýdýarlar. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri sakgal goýýan raýatlara garşy geçirýän reýdlerini wagtal-wagtal güýçlendirilýärler.
Şeýle-de, şu ýyl ýurduň her bir welaýatynda täze metjitleriň gurluşygyny tassyklan türkmen häkimiýetleri metjide barýan, namaz okaýan, dini kitaplary saklaýan, Internetde dini maglumatlara tomaşa edýän ýa-da okaýan raýatlary yzygiderli yzarlaýarlar. Häkimiýetler bu çäreleri aç-açan boýun alyp, sebäplerini düşündirmeýärler.
Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň din azatlygy barada çap edýän hasabatlarynda “aýratyn alada bildirýän” ýurtlaryň sanawynda galýar.
Şeýle-de, halkara hukuk goraýjy toparlaryň hasabatlaryna görä, onlarça türkmenistanly dini ynanjy bilen baglylykda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Degişli maglumat Balkanda we Maryda täze metjitleriň gurluşygy üçin 'haýyr-sahawat pullary' ýygnalýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.