Türkmenistanyň hökümeti güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işlerini maslahat etdi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda, dynç güni, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, paýtagt Aşgabatda we ýurduň ähli sebitlerinde ýyladyş möwsümine taýýarlyk işlerini hem-de ilatyň tok, gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini maslahat etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.