Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy diýip, TDH owgan we özbek işewürleriniň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtoulag benzinini satyn alandygyny habar berýär.
Bu habar Azatlygyň habarçylarynyň ýurduň sebitlerinde ýitileşýän benzin ýetmezçiligi barada beren maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Şeýle-de habarda Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleriniň jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn alandyklary, geleşikleriň umumy bahasynyň ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaý bolandygy aýdylýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileriniň bahasy 7 million 150 müň manada barabar bolan nah ýüplügi satyn alandygy habar berilýär.
Mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň pagtasy we pagta önümleri birnäçe ýurtda we kompaniýa tarapyndan satyn alynmaýar.
Degişli maglumat Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär