Ruslar ýene Kiýew, Dnipropetrowsk sebitlerini nyşana aldy, Gündogardaky söweşler möwjeýär

Rus zarbalary 17-nji oktýabrda ýene paýtagt Kiýewi we günorta Dnipropetrowsk sebitini nyşana aldy, ukrain resmileri Russiýanyň we ukrain güýçleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitiniň iki şäheriniň töwereginde söweşýändigini aýtdylar.

Bu zarbalar rus raketa tolkunynyň birnäçe aýyň içinde edilen iň agyr bomba hüjümleriniň birinde Ukrainada azyndan 19 adamyň öldürilmeginiň bir hepde soňundan uruldy.

Ukrainanyň prezident diwanynyň başlygy Andriý Ýermak telegram habarlaşma programmasynda Kiýewe kamikadze dronlary diýlip atlandyrylýan pilotsyz howa ulaglary bilen hüjüm edilendigini aýtdy.

"Ruslar bu zarbalar özlerine kömek eder öýdýär" diýip, Ýermak aýtdy.

Russiýa soňky hepdelerde şäher merkezlerini we infrastrukturany, şol sanda elektrik stansiýalaryny nyşana almak üçin öz janyna kast ediji diýilýän pilotsyz uçarlar has ýygy-ýygydan ulanmaga başlady.

Şäher häkimi Witali Kliçko telegramda Kiýewi birnäçe partlamanyň sarsdyrandygyny aýtdy, şaýatlar üç partlamanyň bolandygyny habar berdiler.