“Ýene-de başlandy...”: Býujetçiler mejbury çäreleriň köpelmeginden nägile bolýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda iki ýyl çemesi dowam eden pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylmagy netijesinde, şol sanda býujet işgärleriniň hem gatnaşdyrylmagynda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň gerimi artýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan lebaply ýaşaýjylar, bu günler yzly-yzyna geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin, uzakly gün iş ýerlerini we öýlerini terk etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.