Türkmen görnüşleri - 40-njy hepde

Aşgabat. Köçe süpürýän aýal. Paýtagtyň jemagat hojalygy edarasy işgärlerini döwrebap süpürgiçler bilen üpjün edip bilmeýär, olar elde ýasalan sübseleri ulanýar.

Aşgabat. Okuwçy gyzlar. Türkmenistanda häkimiýetler geýim-eşikleri dürli-dürli däl, birmeňzeş bolmagyny talap edýärler.

Aşgabat. Gyşa taýýarlyk üçin gök önüm satyn alýan şäherliler.

Aşgabat. Ýowara çykan ýaşlar pyýda ýollaryny tämizleýärler. Soňky onýyllyklarda şäherde ýowar kän geçirilýär, oňa gatnaşmak köplenç meýletin-mejbury edilýär diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýar.

Aşgabat. Köplenç adamsyz bolýan köçelerde düzgün-tertibe gözegçilik edýän polisiýa işgärleri. Turkmenistan.

Aşgabat. Awtobus duralgasynda ýola göz dikip duran ýolagçylar.

Aşgabat. Dükandan gelýän oglan.

Aşgabatlylaryň "Tiz kömegi" ýolda.

Paýtagtyň esasy ýolunyň boýundaky köçeden jaýlaryň görünýän tarapy uzakly gün reňklendi. Geçen gezek ol jaýlaryň öň tarapy prezident saýlawyndan öň reňklenipdi, beýle tarapy reňklenmändi.

Aşgabat. Jaýlaryň görünýän tarapy reňklenende, köçeleriň köýen çyralaryny täzelemeli bolanda 'goly uzyn' kranlar hezil berýär.

Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.