Türkmenistanda saglyk işgärleriniň güni bellenýär, lukmanlar özleriniň ‘ünsden düşürilýändigini’ aýdýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu gün mynasybetli ýollan gutlagynda ýurtda ilatyň saglygyny goramak boýunça ‘gowy netijeleriň gazanylandygy”, şeýle-de bu sebäpli ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulanandygy we adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artdandygy öňe sürülýär. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli lukmanlar soňky ýyllarda saglyk işgärleriniň zähmet haklarynyň yzygiderli kemeldilýändigini, işgär sanynyň azaldylýandygyny, welaýat merkezlerinden galan sebitleriň hassahanalarynyň ýagdaýynyň pajygalydygyny, şeýle-de däri-derman ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny aýdýarlar.