Bişkek Moskwanyň ýolbaşlygyndaky KHŞG-nyň öz ýurdunda geçmeli türgenleşigini ýatyrdy

Yssyköl, KHŞG-nyň türgenleşigi, awgust, 2022.

Gyrgyzystan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy gurmasynyň goşunlarynyň öz çägindäki türgenleşiklerini ýatyrmak kararyna geldi diýip, ýurduň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugy aýtdy.

KHŞG-nyň serkerdelik-ştab tälimleriniň "Aýrylmaz doganlyk - 2022" maşklary 10-njy oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda Gyrgyzystanyň çäginde, Yssykköl sebitiniň Balykçi şäherinde geçirilmelidi. Harby maşklaryň geçirilmeginiň näme üçin goýbolsun edilendigi aýdylmady.

Türgenleşiklere gatnaşyjylar 26-njy sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Gazagystanda, KHŞG-nyň parahatçylygy goraýyş güýçleriniň "Özara hereket-2022", "Gözleg-2022" we "Eşelon-2022" ýaly birnäçe türgenleşigine gatnaşyp, şol ýerden göni Gyrgyzystana gelmelidi. Emma indi, Tengrinews.kz habar gullugynyň maglumatyna görä, Russiýadan we Belarusdan gelen harbylar, Gazagystanyň üsti bilen, öz ýurtlaryna dolanarlar.

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan girýär. Olar her ýyl guramanyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň bilelikdäki türgenleşiklerini geçirýärler.

Türgenleşikleriň ýatyrylmagynyň bir sebäbi, çak edilmegine görä, golaýda Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde bolup geçen soňky çaknyşyk bilen bagly bolup biler.

Iki tarapyň arasynda bolup geçen çaknyşyklarda birnäçe ýüz adam öldi. Taraplar bu çaknyşygyň döremeginde birek-biregi aýyplaýarlar.