Hatyra güni bellendi, Berdimuhamet Annaýewden başga gahryman agzalmady

Serdar Berdimuhamedow: “Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip, arzuw etdi. TDH

6-njy oktýabrda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hormatyna Hatyra güni geçirildi, türkmen paýtagtyndaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna prezident Serdar Berdimuhamedowyň we beýleki resmileriň gatnaşmagynda gül çemenleri goýuldy.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gije Aşgabatda bolan ýertitremesinden bäri 74 ýyl geçdi, TDH bu betbagtçylykda 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapynyň kesilendigini, türkmen paýtagtynyň weýran bolandygyny belleýär.

Resmi habarda türkmenistanlylaryň “ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary” bilen baglylykda diňe 1941-1945-nji ýyllaryň urşy, hususan-da şol uruşda gahrymançylyk görkezendigi aýdylýan “ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe - ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan” Berdimuhamet Annaýewiň ady (iki gezek) agzalýar.

TDH-nyň ýazmagyna görä, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda mertlik, harby borja wepalylyk... görkezen watan goragçylarynyň hatarynda döwlet baştutanynyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. “Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr” diýip, habarda nygtalýar.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda türkmenistanlylar Hatyra gününi 12-nji ýanwarda, Gökdepe galasynyň synan gününde belleýärdi.

Emma soňky ýyllarda bu sene 6-njy oktýabra, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolan ýer titremesiniň gününe geçirildi we türkmen metbugatynda rus basybalyjylarynyň türkmen topraklaryndaky gyrgynçylyklaryny agzamak dilden gadagan edildi.

Degişli maglumat Gökdepe pajygasyna 141 ýyl boldy, Aşgabat erkinlik ugrundaky söweşi ýatlamaýar