Türkiýeden gelýän uçarlar Türkmenbaşa hem gonýar, karantin düzgünleri tapawutlanýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň dowamly halkara uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy bilen, pandemiýa döwründe ýurduň esasy howa habyna öwrülen Türkmenabadyň Halkara aeroportundan başga käbir howa menzilleri hem daşary ýurtlardan gelýän uçarlary kabul edip başladylar. Şol bir wagtda, uçar bilen gelýän türkmen raýatlary üçin ýatyrylan hökmany karantin düzgüni, daşary ýurtlular babatynda henizem saklanyp galýar.

“Indi daşary ýurtlardan gelýän uçarlaryň uly bölegini Balkanyň aeroportlary hem kabul edip başlady. 5-nji oktýabrda öýlän Stambuldan gelen uçar Türkmenbaşynyň aeroportuna gondy” diýip, bu ýagdaýlardan habarly Türkmenistandaky ygtybarly çeşmelerimiziň biri 6-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Ol bu boljak özgerişlikler barada geçen hepdäniň başynda habar beripdi, şeýle-de halkara uçarlaryny diňe bir Balkanyň ýa Lebabyň howa menzilleri däl, eýse ýurduň beýleki künjeklerindäki aeroportlaryň hem kabul edip başlamagynyň mümkindigini aýdypdy.

Degişli maglumat Çeşme: Türkmenistan daşary ýurt uçar gatnawlaryny artdyrmagy, karantin düzgünini ýatyrmagy planlaşdyrýar

Geçen aýyň başynda türkmen hökümetiniň halkara uçarlarynyň uly bölegini Türkmenabadyň aeroportunyň kabul etmeli boljakdygyny yglan edeninden soň, bu howa menziliniň hünärmenleri, Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, işçi sanynyň azlygy sebäpli, bu talabyň üstünlikli amal edip boljakdygyna şübhe bildiripdiler.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny, koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 2020-nji ýylyň martynda togtadyp başlapdy. Türkmenistanyň çäginde covid-yň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleriniň bu karary netijesinde, şeýle-de mundan soň raýatlaryny watanyna dolamak ugrunda ýeterlik tagalla etmändigi sebäpli daşary ýurtlarda, hususanda Türkiýede müňlerçe türkmenistanly agyr şertlerde galmaly boldy.

Bu ýagdaýlara duçar bolanlaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, türkmen hökümetiniň Türkiýä gurnan sanly çarter uçarlaryna münmek üçin düzülýän sanawlara goşulmak işi aýlara çekip bilýärdi, şeýle-de munuň üçin türkmen emeldarlarynyň para soraýan halatlary hem seýrek däldi.

Degişli maglumat 'Para bermän gidip bolmaz'. Türkmenistanyň raýatlarynyň beýleki ýurtlardan getirilmegi dowam edýär

Türkmenistan şu ýylyň maý aýynyň aýagyndan başlap käbir dowamly halkara uçar gatnawlaryny ýola goýup başlady. Şu günki gün "Türkmenistan" awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt, Minsk şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlary amala aşyrýar.

Şol bir wagtda, türkmen hökümeti has köp türkmenistanlynyň toplanandygy aýdylýan Türkiýe ugry boýunça soňky wagta çenli dowamly uçar gatnawlaryny ýola goýman, Türkiýede galan türkmenistanlylaryň ençeme tapgyr nägilelikli protest çärelerini geçirmegine hem sebäp bolupdy.

Şu hepdäniň başynda ýarym-resmi hökümetçi türkmen neşirleri Türkmenistanyň Türkiýe ugry boýunça ahyrsoňy dowamly uçar gatnawlaryny ýola goýýandygyny mälim etdiler. Emma bu Türkiýäniň, Aşgabadyň haýyşy esasynda, türkmenistanlylar üçin ozaldan bar bolan 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyryp, täze wiza düzgünini ornaşdyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Degişli maglumat Täze wiza düzgünleri Türkiýedäki türkmenleriň durmuşyna nähili täsir eder?

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmesi, ozal hem habar berişimiz ýaly, 5-nji oktýabrdan başlap Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýänler üçin ozalky üç günlük karantin düzgüniniň ýatyrylandygyny, emma munuň ähli ýolagçylar üçin degişli däldigini aýtdy.

“5-nji oktýabrda Türkmenbaşa gonan uçardaky ýolagçylardan, 120 manat töledip, covid testini aldylar. Olaryň hiç birinden wirus tapylmady. Emma aeroportdan diňe türkmen raýatlaryna öýlerine gitmäge rugsat berildi, daşary ýurtlular üç gün karantine ugradyldy” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi, şeýle-de munuň daşary döwletleriň diplomatiki wekilhanalarynyň işgärlerine degişli däldigini hem belledi.

Ol Moskwa-Türkmenbaşy, Dubaý-Türkmenabat uçar ugurlary bilen esasan Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurt gurluşyk we nebit-gaz kompaniýalarynyň işgärleriniň gelýändigini, şeýle-de olar üçin hem hökmany karantin düzgünini 1-nji noýabrdan başlap ýatyrmak göz öňünde tutulýandygyny sözüne goşdy.

Ýokarda aýdylanlar dogrusynda dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň degişli edaralaryndan, şol sanda “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan, Saglyk ministrliginden we ýerli häkimliklerden hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.