Berdimuhamedow Aşgabat bilen Pekiniň dünýä howpsuzlygynyň aladasyny edýändigini aýdýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hytaýly Başlyk Si Szinpin bilen. Aşgabat, 3-nji sentýabr, 2013.

Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý metbugaty üçin beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, olary “nusgalyk” atlandyrdy.

TDH onuň Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna beren jogaplaryny 4-nji oktýabrda çap etdi.

“Biz “Bitewi Hytaý” syýasatyna pugta eýerýäris, arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris” diýip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň ýaramaz iş şertlerinden, aýlyklaryň azaldylmagyndan, ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan şikaýat edýän wagtynda beren interwýusynda aýtdy.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň konsepsiýalary, Başlyk Si Szinpiniň “Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak” konsepsiýasy barada pikirini aýdyp, “Türkmenistanyň başlangyjy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň başlangyçlary hakykatda umumy dünýägaraýşa we syýasy esaslara eýe” diýdi.

Onuň pikiriçe, bu iki ýurduň başlangyçlarynda “...harby-syýasy bäsdeşligiň nämelere getirip biljekdigi barada oýlanmaga, adamzadyň howply çäge ýetendigine, şondan aňyrda garaşylmadyk netijeler bilen ählumumy howpsuzlygyň tutuş gurluşynyň ýykyljakdygyna anyk göz ýetirmäge çagyryş beýan edilen”.

Söhbetdeşligiň dowamynda Aşgabadyň Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy, Hytaýyň gysga wagtda garyplygy ýeňip geçendigi hem bellenip geçildi.

Türkmenistan, Hytaýdan tapawutlylykda nebit-gaza baý we ilat sany boýunça has kiçi ýurt bolup durýar, emma synçylar Aşgabadyň soňky onýyllyklarda Hytaýa we beýleki ýurtlara satan ýangyjynyň türkmenistanlylaryň garyplykdan çykmagyna kömek etmändigini, Aşgabadyň barha kän çig mal söwdasyna garaşly ýagdaýa düşýändigini belleýärler.

Degişli maglumat Türkmenistan Hytaý bilen harby hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar