'Türkmengazyň' işgärleri kömek pullarynyň we ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan nägile bolýarlar

Gaz işçileri "Galkynyş" gaz käniniň açylyşyna gatnaşýar. 4-nji sentýabr, 2013 ý.

Türkmenistanyň iň girdejili pudagy bolan nebitgaz pudagynyň işgärleri ýaramaz iş şertlerinden, şeýle-de, aýlyklaryň azaldylmagyndan, bonuslaryň, kömek pullarynyň hem-de beýleki ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan şikaýat edýärler.

“Soňky ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň dürli kärhanalarynda iş şertleri ýaramazlaşdy. Işgärler kömek pullarynyň kesilmeginden, çalşyklaryň kemeldilmeginden we zyýan üçin tölenýän tölegleriň azaldylmagyndan nägile, ýöne ýolbaşçylara arz edip bilmeýärler” diýip, turkmen.news neşiri habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, konserniň işgärleri soňky ýyllarda işgärleriň ýubileý toýlary mynasybetli tölenýän bonuslardan, durmuş toýlary mynasybetli tölenýän kömek pullaryndan, şypahanalarda dynç almak üçin mugt berilýän ýollanmalardan özleriniň mahrum edilendiklerini aýdýarlar.

Neşiriň çeşmelerine görä, gaz edaralaryň ýolbaşçylary ýeňillikleriň we bonuslaryň ýatyrylmagyny ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen düşündirýärler.

Degişli maglumat Türkmen hökümeti Hytaýdan alan karzlaryny üzendigini aýdýar

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň nebitgaz pudagy ýurduň iň girdejili pudagy bolup durýar. Muňa garamazdan, düşewüntli pudagyň işgärleri barha ýaramazlaşýan iş şertlerinden şikaýat edýärler.

Ähli býujet işgärleriniň aýlyklary her ýyl 10 göterim ýokarlanýar, diňe “Türkmengaz” döwlet konserniniň işçileriniň aýlyklary 8 göterim göterilýär. Bu, inženerlere we ýolbaşçylara degişli däl, olaryň zähmet haklary adatdakysy ýaly ýokarlanýar, ýöne işçiler welin, näbelli sebäplere görä 2 göterim ýitirýärler diýip, turkmen.news ýazýar.

Döwlet metbugatyna görä, “Türkmengaz” kompaniýasyna döwlet tarapyndan yzygiderli maliýe goldawlary berilýär. Soňky bir ýylyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konsernine ýurduň Merkezi banky tarapyndan berlen maliýe ýardamlary, daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşmaga ygtyýar berlen şertnamalar we yglan edilen tenderler kompaniýanyň maliýe işjeňligine yşarat edýär.

Diňe sentýabr aýynyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konsernine iki daşary ýurt kompaniýasy bilen – Russiýanyň “Trubnaýa metallurgiçeskaýa kompaniýa” paýdarlar jemgyýeti bilen hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “Pioneer House General Trading L.L.C” kompaniýasy bilen – aýrybaşga şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet mediasyna görä, kompaniýa Russiýadan turba, BAE-den ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar.

Türkmenistanyň ýangyç resmileri ätiýaçlyk şaýlarynyň zerurlygyny ýurduň käbir gaz çykaryş müdirlikleriniň gaz desgalarynyň enjamlarynyň könelişmegi we hatardan çykmagy bilen esaslandyrýarlar.

Degişli maglumat "Türkmengazyň" başlygyna, baş prokurora berk käýinç, soňky duýduryş berildi

Iýulyň ahyrynda “Türkmengaz” kärhanasy gaz geçirijileri çekmek, nebit-gaz guýularyny burawlamak üçin zerur bolan ýörite enjamlary satyn almak üçin daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bir bäsleşigiň yglan edilendigini we ýeňijileriň kesgitlenendigini aýtdy. Ýöne şonda ýeňijileriň atlary, zerur bolan enjamlaryň bahalary baradaky maglumatlar köpçülige mälim edilmedi.

Iýun aýynda “Türkmegaz” döwlet kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde çykarylýan tebigy gazy harytlyk derejesine getirmek üçin himiki serişdeleriň, katalizatorlaryň we keramiki şarlaryň zerurdygyny aýtdy. Munuň yz ýany, 11-nji iýunda “Türkmengaz” döwlet konsernine Birleşen Arap Emirlikleriniň “Altavista F.Z.C” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şertnamanyň bahasy köpçülige mälim edilmedi.

TDH-nyň habaryna görä, 26-njy maýda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýene bir gezek nebitgaz pudagyna zerur bolan ätiýaç şaýlary satyn almak, guýulary abatlamak we göteriji enjamlary satyn almak hakynda karara gol çekdi. Ýöne şonda bu kararyň jikme-jikligi, onuň ýerine ýetirilmegine gatnaşyjy taraplar we harajatlar köpçülige mälim edilmedi.

29-njy aprelde geçirilen hökümet maslahatynda şol wagt energiýa pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanow “ýakyn iki ýylda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberleriniň çykarylmagyny maliýeleşdirmek boýunça” işleriň alnyp barylýandygyny, munuň üçin gaz känleriniň birnäçesinde ýene abatlaýyş işlerini geçirmek üçin degişli enjamlary satyn almagyň zerurdygyny aýtdy.

Degişli maglumat “Türkmengaz” $13 milliona TOPH-uň türkmen bölegi üçin tehniki konsultanty tutdy

4-nji martda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işlerden, şol sanda “Türkmengaz” döwlet konserniniň alyp barýan işlerinden nägile boldy.

8-nji fewralda “Türkmengaz” we “Türkmengeologiýa” döwlet kompaniýalaryna 250 million manatdan gowrak döwlet maliýe goldawy berildi.

28-nji ýanwarda “Türkmengaz” döwlet kompaniýasyna Hytaýyň “CNPC” nebitgaz kompaniýasy bilen bahasy 106 million dollar töweregi bolan goşmaça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Munuň edil öň ýany, 26-njy ýanwarda ýurduň “netbitgaz pudagyny ösdürmek maksady bilen” diýlen kesgitleme esasynda “Türkmengaz” döwlet konsernine 160 million dollar töweregi maýa goýum serişdeleri bölünip berildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda, öňki wise-premýer Şahym Abdrahmanow “Galkynyş” gaz känine degişli bolan turbalary poslamadan goramak üçin “Türkmengaz” döwlet kompaniýasyna dürli görnüşli himiki serişdeleriň zerur bolup durýandygyny yglan etdi. Şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow himiki serişdeleri satyn almak baradaky karara dessine gol çekdi. Ýöne bu kararyň jikme-jikligi we himiki serişdeler üçin zerur bolan çykdajylar köpçülige mälim edilmedi.

16-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýene “Döwletabatgazçykaryş” müdirligine degişli käbir desgalardaky ätiýaç şaý ýetmezçiligi aýan edildi we “Türkmengaz” kompaniýasyna bu ätiýaç şaýlary satyn almaga ygtyýar berildi. Ýöne şaý söwdasynyň bahasy baradaky jikme-jiklikler mälim edilmedi.

Munuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” kompaniýasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň “Auguste International F.Z.E” kompaniýasyndan ätiýaç şaýlary satyn almaga rugsat berildi.

Degişli maglumat Azatlygyň habaryndan soň, ‘Türkmengazyň’ işgärleriniň aýlyklary tölendi

Şeýle-de, noýabrda beýleki käbir ýerli energiýa kompaniýalary bilen bir hatarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda bir halkara nebitgaz forumyny guramalaşdyrandygy mälim boldy. Ýöne forumyň çykdajylary barada ilata hasabat berilmeýär.

Geçen ýylyň sentýabrynda “Türkmengaz” döwlet kompaniýasyna degişli bäş desganyň hususylaşdyrylandygy mälim boldy. Ýöne bu hususylaşdyrmanyň detallary köpçülige mälim edilmeýär.

Geçen ýylyň awgustynda energiýa pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdarhmanow “Türkmengaz” döwlet kompaniýasynyň Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen tebigy gazy gaýtadan işleýän kiçi göwrümli bir zawod gurmak barada gepleşik geçirýändigini aýtdy. Ýöne, görnüşinden, TDH-nyň maglumatlaryna görä, bu gepleşikleriň soňy bolmady.

Bu aralykda, dünýäde dowam edýän energiýa dowlunyň arasynda, Türkmenistanyň Hytaýa iberýän gazynyň möçberi rekord derejelere ýetdi. Galyberse-de, dünýä bazarlarynda gazyň bahasy yzygiderli gymmatlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.