Russiýanyň Ukrainanyň bölekleýin eýelän dört territoriýasynda referendum atlandyryp geçirýän bäş günlük çäresi 27-nji sentýabrda tamamlanýar. Ukraina, Günbatar we BMG bu ses berişligiň halkara hukukyna laýyklykda bikanundygyny belläp, ony hile diýip atlandyrýarlar.
Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropada turan iň iri konfliktiň arasynda geçirilýän bu ses berişlik, Moskwanyň bölekleýin ele geçiren, Ukrainanyň Luhansk, Donetsk, Herson we Zaporižýa sebitlerinde alnyp barylýar. Ýerli resmileriň käbiri ses berijilere haýbat atylýandygy barada maglumat berýärler.
Kiýew we onuň ýaranlary ses berişligi hile diýip atlandyrdylar, şeýle-de Günbataryň BMG-niň çarterine çapraz gelýän bu çäräniň netijelerini ykrar etmejekdigini bellediler.
Ukraina 27-nji sentýabrda referendumlar meselesini maslahat etmek üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatyny çagyrdy.
ABŞ-nyň prezident Jo Baýden ses berişligi “Ukrainanyň sebitlerini güýç bilen eýelemek üçin galp bahana” diýip häsiýetlendirdi.
Referendum atlandyrylýan çäräniň geçirilýän sebitleriniň Moskwa tarapyndan bellenen resmileri ses berişligiň netijeleriniň 27-nji sentýabrda giçlik ýa-da öňümizdäki günlerde yglan edilip bilinjekdigini aýtdylar.
Mundan soň, Russiýanyň kanunçykaryjylary Ukrainanyň dört territoriýasyny anneksirlemek boýunça ses bererler. Soňunda muňa prezident Wladimir Putin hem gol goýmaly bolar.
Saýlaw resmileri, köp halatlarda ýaragly esgerleriň hem gatnaşmagynda, býulletenler bilen gapyma-gapy aýlandylar.
Resmiler howpsuzlyk nukdaýnazaryndan saýlaw uçastoklarynyň diňe 27-nji sentýabrda açyk boljakdygyny aýtdylar.
Şu aýyň dowamynda rus goşunlary Ukrainanyň hem günorta, hem-de gündogar sebitlerinde uly ýitgilere duçar boldular. Synçylar bu ýagdaýlaryň Putini eýelenen sebitlerde gyssagly ses berişligi geçirmäge itekländigini aýdýarlar.
Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 27-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Putiniň okkupirlenen sebitleriň goşulmagyny 30-njy sentýabrda parlamente etjek ýüzlenmesinde yglan etmegi mümkin.
Synçylaryň köpüsi häzirki alnyp barylýan ses berişlik bilen 2014-nji ýylda Moskwanyň Krym ýarymadasyny anneksirlemeginiň arasyndaky meňzeşliklere ünsi çekýärler.
Mundan başga-da, Putin Russiýada ätiýaçdaky 300 müň adamyň harby gulluga çagyryljakdygyny yglan etdi. Bu ädimiň netijesinde ýurtda protestler geçirildi, şeýle-de müňlerçe russiýaly erkek, Ukraina iberilmeginden howatyr edip, daşary ýurtlara çykmak ugrunda tagalla edip başlady.
Britaniýanyň hökümeti 26-njy sentýabrda ses berişlik bilen ilteşikli 92 russiýaly şahsyýete garşy sanksiýalary girizdi.
“Tüpeňiň nili astynda geçirilen hile referendumlar azat we açyk bolup bilmez. Biz olaryň netijelerini hiç haçan ykrar etmeris” diýip, daşary işler sekretary Jeýms Klewerli aýtdy.