Türkmenistanda ýaňy-ýakynda güýje giren gadaganlyga garamazdan, abort etdirýänleriň sany azalmady we indi köp sanly aýal islenilmeýän göwreliligi aradan aýyrmak üçin para bermeli bolýarlar diýip, aýallar we lukmanlar aýdýarlar.
Awtoritar ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mart aýynda kakasynyň ornuna geçmeginden bary-ýogy birnäçe gün soňra, hökümet göwreliligiň bäşinji hepdesinden soň, eger bu enäniň ýa-da çaganyň saglygyna çynlakaý howp abandyrmaýan bolsa, abort etdirilmegini gadagan edýän kanuny güýje girizdi.
Daşary ýurtlarda türkmen aktiwistleri we saglyk hünärmenleri tarapyndan dolandyrylýan “Saglyk” websaýtyna görä, 2015-nji ýylda kabul edilen, ýöne güýje girizilmedik kanun hemmeleri geň galdyrdy.
Aýallara ulaglaryň, şol sanda hususy awtoulaglaryň hem-de köpçülikleýin transport serişdeleriniň öňündäki oturgyçlary gadagan edildi. Polisiýa aýal ýolagçy hatda sürüjiniň maşgala agzasy hem bolsa, gadaganlyga garşy çykýan sürüjileri ýurt boýunça saklap, olara jerime ýazdy.
Bu kanun islenilmeýän göwreliligi aradan aýyrmak üçin rugsat berilýän möhleti, aýratyn saglyk ýagdaýlary ýok bolsa, 12 hepdeden bäş hepdä düşürýär.
Reproduktiw saglyk meseleleri boýunça hünärmen bir lukman köp sanly aýalyň ilkinji bäş hepdäniň dowamynda entek özleriniň göwrelilidigini hem bilmeýändiklerini aýdyp, bu kanuny berk tankyt etdi.
Kanun belli-belli saglyk ýagdaýlary ýüze çykan halatynda kadadan çykmalara rugsat berýär, ýöne şeýle kadadan çykma bir topar saglyk barlaglary tabşyrylandan soňra, diňe ýörite saglyk komissiýasy tarapyndan berlip bilinýär, bu bolsa çaga düşürdilmeginiň wagtyny yza süýşürýär we enäniň saglygyna abanýan töwekgelçiligi artdyrýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky korrespondentleri birnäçe saglyk işgärine we hassalara salgylanyp, bu gadaganlygyň aýallar hassahanalarynda has köp parahorlyga ýol açandygyny aýdýarlar.
Çeşmeler göwreliligi aradan aýyrmak isleýän aýallaryň akuşerlere para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar we akuşerler hassahananyň saparyny öňüni alyş barlagy ýa-da geňeşme hökmünde hasaba alýarlar.
Hassa konsultasiýa üçin resmi töleg geçirýär, soňra “abort üçin aýrybaşga para töleýär” diýip, olar aýdýarlar.
Ähli ugurlarda diýen ýaly korrupsiýa giň ýaýran Türkmenistanda “her meseläni pul bilen çözüp bolýar” diýip, çeşmeler aýdýar.
Çaga düşürtmek üçin soralýan paranyň möçberi, göwreliligiň möhletine görä, 100-500 dollar aralygynda üýtgeýär diýip, Mary şäherindäki saglyk çeşmeleri aýdýarlar we hassa irki aýlarda lukmana ýüz tutsa, çaga düşürtmegiň bahasynyň arzanlaýandygyny aýdýarlar.
Bahalar şäherlere we sebitlere görä hem üýtgeýär. Lebap welaýatyndaky zenanlar saglyk merkezinden bir çeşme göwreliligň soňky tapgyrlaryndaky hassalaryň 340 dollara çenli para töleýändigini aýdýar.
Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň çäkli elýeterliligi
Dünýäde reproduktiw saglygy we ene saglygyny ösdürmegi maksat edinýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasyna (UNPFA) görä, Türkmenistanyň abort gadaganlygy ýurtda göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň reproduktiw döwründäki köp sanly aýallara elýetersiz wagtyna gabat gelýär
Ilat gaznasyna görä, “Türkmenistanda 15-49 ýaş aralygynda 160 müň töweregi aýal göwreliligiň öňüni almak ýa-da yza süýşürmek isleýär, ýöne göwreliligiň häzirki zaman öňüni alyş serişdelerini ulanyp bilmeýärler”
Munuň sebäpleri her bir aýal üçin başga-başga bolup, hyzmatlar baradaky maglumatyň ýoklugyndan başlap, ene-atalaryň, adamsynyň ýa-da jemgyýetiň goldawynyň bolmazlygy, şeýle-de aýallaryň özbaşdak karar kabul etmek ýa-da göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini satyn almak mümkinçilikleri ýaly sebäpler bolup durýar diýip, agentlik aýdýar.
Türkmenistanyň konserwatiw jemgyýetinde aýallaryň tas 60 göterimi kontrasepsiýalar we abort ýaly öz durmuşlaryna we saglygyna täsir ýetirýän düýpli meseleler babatda özbaşdak karar kabul edip bilmeýärler.
Köp sanly uly ýaşly türkmenler çaga düşürdilmegini oňlamaýar, ýöne ýaş nesil bu babatda has liberal garaýyşlara eýedir. Türkmen maşgalalary köplenç uly bolýar, ýöne ýaşlar we şäherli türkmenler az çagaly bolýar, käbirleri maşgalalaryň kiçelmegini ykdysady kynçylyklardan görýär.
Türkmenistanyň abort gadaganlygy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kän bir ünsüni çekmedi, bu gadaganlyk aýallaryň durmuşyna täsir ýetirýän köp sanly beýleki çäklendirmeler bilen bir hatarda mälim edildi.
Aýallara ulaglaryň, şol sanda hususy awtoulaglaryň hem-de köpçülikleýin transport serişdeleriniň öňündäki oturgyçlary gadagan edildi. Polisiýa aýal ýolagçy hatda sürüjiniň maşgala agzasy hem bolsa, gadaganlyga garşy çykýan sürüjileri ýurt boýunça saklap, olara jerime ýazdy.
Şeýle-de, häkimiýetler aýallara agyr kosmetika serişdelerini ulanmagy we kirpik uzaltmagy, ýa-da ýasama dyrnak dakdyrmagy gadagan etdi. Galyberse-de, soňky ýyllarda türkmen aýallarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan gaş reňkletmek bilen bir hatarda göwüs implantlary we dodak çişirtmek hem gadagan edildi.
Mundan başga-da, işleýän aýallar özleriniň gysyp duran egin-eşik geýmejekdikleri barada we agyr kosmetika ulanmajakdyklary barada ýolbaşçylara dilhaty ýazyp tabşyrmaga mejbur edildi.
Bu gadaganlyklar barada hökümet resmi bildiriş ýa-da düşündiriş bermedi. Aýallar bu çäreler barada iş berijilerinden ýa-da gadaganlygy mart aýynda we apreliň başlarynda ýerine ýetirmäge başlan polisiýa işgärlerinden bilip galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.