Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda Blinken bilen duşuşýar

Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň duşuşygy ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken tarapyndan gurnaldy.

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri 19-njy sentýabrda, soňky serhet çaknyşyklarynda 200-den gowrak adam öleli bäri diplomatlaryň arasynda Nýu-Ýorkda guralan duşuşykda ilkinji gezek ýüzbe-ýüz boldular.

Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň duşuşygy ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken tarapyndan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň gapdalyndan, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak we golaýda baglaşylan gowuşgynsyz ýaraşyk şertnamasyny saklamak maksady bilen gurnaldy.

Blinken özara söweşiň bes edilmeginiň ruhlandyrýandygyny aýtdy we "berk, durnukly diplomatik gatnaşyklaryň hemmeler üçin iň gowy ýol” bolup durýandygyny nygtady.

Baýramow duşuşygyň öňüsyrasynda çykyş edip, öz ýurdunyň ABŞ bilen aradaky “gatnaşyklaryň derejesinden kanagatlanýandygyny” aýtdy we özüniň Mirzoýan bilen göni gepleşik geçirmeginiň adatdan daşary bir zat däldigini aýtdy. Şeýle-de ol Azerbaýjanyň “duşuşyklar üçin hemişe açykdygyny” belledi.

Bu duşuşyk Ermenistanyň geçen hepde bolan çaknyşykda öz tarapyndan 207 adamyň ölendigini ýa-da ýitirim bolandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ermenistanyň Howpsuzlyk geňeşi 19-njy sentýabrda premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylygynda geçirilen ýygnakda ýitirim bolan adamlaryň arasynda iki sany parahat ýaşaýjynyň hem bardygyny aýtdy. Baku 79 harbynyň ölendigini habar berdi.