15-nji sentýabrda türkmen garaşsyz neşiriniň habarçysy Nurgeldi Halykowyň garşysyna türme tussaglygy höküminiň çykarylanyna iki ýyl boldy. Ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) wekiliýetiniň Aşgabatda düşen suratyny bosgunlykda işleýän habar serişdesi bilen paýlaşanyndan soň tussag edildi.
“Turkmen News” neşiri onuň garaşsyz metbugat bilen aragatnaşyk saklandygy üçin jezalandyrylyp, gümürtik aýyplamalar esasynda dört ýyl azatlykdan mahrum edilendigini aýdýar.
Biz prezident Serdar Berdymuhamedowy Halykowyň derrew boşadylmagy we oňa garşy gozagalan jenaýat işiniň ýatyrylmagy üçin çäre görmäge çagyrýarys diýip, hukuk guramalarynyň ýüzlenmesinde aýdylýar.
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 2020-nji ýylyň 12-nji iýulynda “Ýyldyz’ myhmanhanasynda BSG-niň wekillerini surata aldy we bu suraty Instagramda ýerleşdirdi. BSG-niň delegasiýasy Türkmenistana ýurduň COVID-19-a garşy durmakda taýýarlyk derejesini öwrenmek üçin gelipdi.
BSG-niň öňünden yglan edilen sapary hökümetiň bu wirusyň ýurtda bardygyny inkär etmegini dowam etdirýän döwründe bolup geçdi. Nurgeldi Halykow suratçy gyzyň klasdaşydy we onuň paýlaşan suratyny görüp, ony “Turkmen.news” neşirine ibermek kararyna geldi.
Ertesi gün, 13-nji iýulda klasdaş gyz Halykowy Instagramdaky dostlaryndan öçürdi, soň bolsa ondan bu suraty žurnalistlere sen iberdiňmi diýip sorady. Şondan birnäçe sagat soň Halykow polisiýa bölümine çagyryldy we şol pursatdan başlap onuň bilen aragatnaşyk kesildi.
Halykowyň maşgalasy bolsa, "problemalara" salgylanyp, “Turkmen.news” bilen gürleşmekden ýüz öwürdi.
Halykowyň boşadylmagy barada bundan öňem birnäçe çagyryş edildi, halkara guramalary, žurnalitlere goldaw berýän toparlar onuň işiniň galplaşdyrylandygyny aýdyp, türkmen häkimiýetleriniň garaşsyz žurnalistleri yzarlamagyny bes etmegini talap etdiler.
Žurnalistleri goramak boýunça komitet, Serhetsiz habarçylar, adam hukuklaryna gözegçilik edýän HRW, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy, Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Žurnalistler üçin adalat gaznasy, "Goragçylar we ösüş" kampaniýasy Nurgeldi Halykowyň gyssagly suratda azat edilmegine çagyrýar diýip, “Turkmen News” habar berýär.
Degişli maglumat CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar