Lebap welaýatynyň etraplarynda oba hojalyk tehnikasy ýetmezçilik edýär. Könelişen ulaglaryň bejerilmegi üçin mümkinçiligiň ýok wagtynda sandan çykýan tehnika işe ýaramaýar. Pagta ýygymyna gabat gelen bu ulag ýetmezçiliginde traktorlar gurluşyk ýüklerini daşamak üçin transport hökmünde hem ulanylýar.
Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, Türkmenistana demirýol arkaly gelýän gurluşyk üçin niýetlenen agyr serişdeler Türkmenabadyň wokzalyndan başga ýerlere ýük daşaýan tehnika, şol sanda oba hojalyk ulaglary bilen daşalýar. Hususan-da, 6 we 8-nji august aralygynda Türmenabada Özbegistandan otly bilen getirilen platformalar Mary welaýatyna traktorlara ýüklenip, alnyp gidilipdir.
Bu wagtda oba hojalyk tehnikasy ekin meýdanlarynda ýetmezçilik edýär. Halaç, Garabekewül, Çärjew, Dänew we Boýnuzyn etraplarynyň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolan habarçymyzyň sözlerine görä, şol ýerde traktorlaryň ýetmezçiligi duýulýar.
Degişli maglumat Garagumda ekin meýdanlaryny ösüş suwuna tutmak üçin "ýüzlerçe manat para bermeli""Halaçda we Garabekewülde ulaglar san taýdan az, Çärjewde tehnika könelişip, sandan çykýar. Dänewiň we Boýnuzynyň tehnika üçin garažlarynda traktorlar sökülip ýatyr. Ekin meýdanynda traktor bozulsa, onuň abat şaýlary başgasyna oturdylýar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Ýerli käredeçileriň sözlerine görä, daýhan birleşikleriniň edaralary tarapyndan kärendeçiler şu wagt diňe traktorlar üçin tekerler bilen üpjün edilýär. Emma olary oturtmak we ýelledip, sazlamak üçin pagta meýdanlaryndaky garažlaryň özlerinde mümkinçilik ýok. Netijede sürüjiler ençeme kilometr uzaklykdaky hususy ulaglara hyzmat edýän kärhanalara baryp, tekerlerini öz hasabyna oturtmaly we yzyna dolanmaly bolýarlar.
Habarçy traktorlar üçin başga gurallary sürüjileriň öz hasabyna satyn almaga mejbur bolýandygyny aýdýar.
"Traktoryň şaýlary bazarlarda açyk satylýar, emma söwdagärler traktor şaýlaryny gymmada satýarlar. Traktor sürüjileri bolsa, gerekli şaýlaryny satyn aljak bolup, ulaglary üçin niýetlenen solýarkasyny satmaly bolýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, oba hojalyk tehnikasy üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryna garanda, ýangyç wagtal-wagtal berilýär.
Türkmen hökümeti oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösýändigi barada ýyllarboýy hasabat berip gelýärkä, döwlet habar serişdeleri daýhanlaryň önümçilik üçin ähli zerurlyklar, şol sanda tehnika bilen doly üpjün edilýändigini habar berýär we telewideniýede täze tehnikany görkezýär.
Degişli maglumat Prezident tabşyryklaryny tekrarlady. Suw we azyk meseleleri çözülmeýärKärendeçiler bolsa tehnikanyň, tohumyň, suwuň ýetmezçiliginden kösenýändigini, hasylyň azlygy sebäpli hökümete bergili galýandygyny aýdýarlar. Soňky ýyllarda kärende ýerlerini taşlap, daýhançylykdan el çekýän hojalyklar köpeldi.
Türkmen daýhanlary ýyllarboýy tehnika ýetmezçiligi ýaly kynçylyklardan kösenýärkä, problemalary boýun almaýan türkmen hökümeti ozalky ýyllarda bolşy ýaly, şu gezek hem bol hasyla garaşýar.
Bir aý bäri welaýatlarda dowam edýän pagta ýygym kampaniýasyna ýaňy-ýakynda resmi badalga berildi. Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 7-nji sentýabrda nobatdaky pagta möwsümi resmi taýdan başlandy, Daşoguz welaýatynda pagta ýygym möwsümi 14-nji sentýabrda başlanar.
Resmi maglumata görä, şu ýyl ýurtda 580 müň gektar meýdana gowaça ekilipdir we 1 million 250 müň tonna pagta ýygmak göz öňünde tutulýar.
Degişli maglumat Mary: oba hojalyk tehnikalaryna ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.