“Gazprom” Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz aldy, türkmen we rus prezidentleri ikiçäk duşuşyk geçirer

Bezeg suraty

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy geçen ýyl Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz satyn aldy diýip, hökümetçi neşir rus prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň žurnalistler bilen duşuşyk wagtynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär. Bu aýdylýanlaryň hakykata näderejede gabat gelýändigini barlamak mümkinçiligi ýok.

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni we “Gazprom” 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda bäş ýyl möhlete, ýagny 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

TDH-nyň awgust aýynyň aýagynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen “Gazpromyň” başlygy Alekseý Milleriň geçiren gepleşikleri barada beren habarynda aýdylmagyna görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda giňeltmegiň masalatyny edýärler.

Şol bir wagtda, Aşgabat satýan gazynyň nyrhlaryny gizlin saklamagyny dowam etdirýär.

“Türkmenportalyň” ýene bir habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Samarkantda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-16-njy sentýabrda geçirilýän mejlisiniň çäklerinde prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.