Türkmenistanyň ilaty Garaşsyzlyk güni üçin maşk edýär

Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirlen çäre. Aşgabat. 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabry

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna taýýarlanýar. Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň öňüsyrasynda tutuş ýurt boýunça dürli okuw jaýlarynyň okuwçylaryny, kärhanalaryň we döwlet edaralarynyň işgärlerini öz içine alýan repetisiýalar geçirilýär. 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni ilkinji gezek täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçiriler.

Paýtagtda baýramçylyga taýýarlyklar bat alýar. Ähli ýerde repetisiýa-maşklar geçirilýär. "Studentler maşk edýärler, agşamlaryna kümüş reňk saý-sepli ak eşiklere geýnen gyzlaryň topar bolup ýöreýşi göze ilýär. Parad üçin saýlanan döwlet işgärleri hem repetisiýa edýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 13-nji sentýabrda habar berdi.

Soňky 5 ýylda 27-nji sentýabrda bellenip geçilýän ýurduň esasy baýramçylygy üçin taýýarlyklar sentýabr aýynyň başynda başlandy. Repetisiýalara gatnaşmak hökmany hasaplanýar, gatnaşyjylar edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan saýlanýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni üçin köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri geçirilip başlandy

"Býudjet guramalarynyň hemmesinde daşky görnüşine we ýaşyna görä adamlar saýlandy. Olar işden birnäçe sagat boşadylýar" - diýip, habarçy aýtdy.

Häzirki wagtda paýtagtyň köçelerinde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Bilim edaralarynyň töwereklerindäki ýerleri arassalamak, ýollaryň gyralaryndaky elektrik sütünlerinde çyralary çalşmak işleri geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, baýrama görülýän taýýarlyklaryň çäginde köçelerde it-pişiklere we guşlara gözegçilik hasam güýçlendirilipdir: "Kepderilere iýim berilýän ýerlerini kesgitleýärler we şol ýere zäherlenen däneleri sepýärler".

Başga bir habarçynyň sözlerine görä, paýtagtda häkimiýetler hususy taksi sürüjileri ýene-de köpçülikleýin kowalap, jerime salýarlar. "Şäherde taksili gatnamakda ýene-de kynçylyklar ýüze çykdy" - diýip, habarçy aýtdy.

Hususy taksilere gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň takyk sebäpleri belli däl.

Ilaty dürli dabaralara "marşirowka" diýlip atlandyrylýan maşklara gatnaşmaga mejbur edýän uly göwrümli taýýarlyk çäreleri, onlarça ýyl bäri döwlet baýramçylyklarynyň öňüsyrasyndaky adaty ýagdaýa öwrüldi.

Geçmişde döwlet işgärleri uzaga çekýän surnukdyryjy maşklara gatnaşmakdan başga-da pul tabşyrmaga mejbur edilipdi. Hususan-da, geçen ýylda dilden edilen görkezmelere laýyklykda, her bir döwlet işgäri Garaşsyzlyk güni mynasybetli bezeg üçin nagt görnüşinde 100 manat tabşyrmaly bolupdy. Pul ýygnamakdan ýa-da çärelere gatnaşmakdan nägile bolanlar düşündiriş hatyny ýazyp, özleriniň döwletiň haýyryna bolan jemgyýetçilik işlerinden ýüz öwürýändigini ýazmaça boýun almaly bolupdy.

Degişli maglumat Aşgabadyň häkimiýetleri idegsizlikden guran agaçlary çapyp, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlanýar

Çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny alan senesini oktýabrda belläpdi. 2017-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen garaşsyzlyk güni 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirildi. Täze sene, ýurduň ýolbaşçylarynyň örän uly ähmiýet beren çäresi, Aşgabatda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň tamamlanan gününe gabat geldi. Garaşsyzlyk baýramynyň senesini üýtgetmek kararyna resmi düşündiriş berilmedi.

Şu ýyl Türkmenistan garaşsyzlyk gününi ilkinji gezek täze prezidentiň ýolbaşçylygynda bellär. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylygyny şu ýylyň mart aýynda öz eline aldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.