Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi ýurduň ýapyklygyny howpsuzlyk aladalary bilen düşündirýär

Aleksandr Blohin Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen rus ilçihanasynyň Aşgabatdaky täze binasyny açýar. Arhiw suraty

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna beren interwýusynda bu ýurduň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen aradaky wiza düzgüniniň howpsuzlyk meselesi bilen düşündirilýändigini aýtdy diýip, “Turkmen News” rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de neşir 2010-2020-nji ýyllarda, ýagny COVID-19 pandemiýasyndan öňem Türkmenistana girýän ruslaryň sanynyň ep-esli azalandygyny belleýär.

10-njy sentýabrda çap edilen söhbetdeşlikde žurnalist rus diplomatyndan Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky wiza düzgüniniň sebäbini soraýar.

"Bizde GDA ýurtlary bilen arada diňe Türkmenistan bilen wiza režimi bar. Ýöne Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň ählisi bilen arada wiza düzgüniniň bardygyny aýtmak gerek” diýip, Blohin munuň döwletiň öz ygtyýaryndaky hukugy bolup durýandygyny belleýär.

Rus ilçisiniň pikiriçe, Türkmenistanyň häkimiýetleri “howsuzlyk meselesine uly ähmiýet berýär”, wiza gözegçiligi bolsa, “ýykgynçylykly güýçleriň, ilkinji nobatda hem terrorçylaryň öňüni almaga goşmaça mümkinçilik berýär”.

Bu söhbetdeşlik Türkmenistanyň Türkiýe bilen arada wiza düzgünlerini girizmekçi bolýandygy barada çykan habarlaryň yz ýanyndan çap edildi.