Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde toý mekanlarynyň 10-dan gowragy wagtlaýyn öz işini togtatdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy muňa ýurduň günbatar welaýatynyň ilatynyň hijri kalendarynyň sapar aýy bilen bagly yrym-ynançlarynyň sebäp bolandygyny habar berýär.
"Türkmenbaşydaky 10-dan gowrak toýhana indi birnäçe gün bäri işlänok. Olaryň gapylary ýapyldy. Hijri kalendarynyň sapar aýynyň başlandygy sebäpli, toýhanalaryň ýekeje müşderisi hem ýok" diýip, ýagdaýdan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda ezoteriki hyzmatlar rowaç alýarBellesek, sapar aýy hijri kalendarynyň 12 aýyndan biri bolup, ol şu ýyl 28-nji awgustdan 26-njy sentýabra çenli dowam edýär.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, sebitiň köp ýaşaýjysynyň ynançlaryna görä, bu aýda edilen haýyrly işleriň soňy bilen haýyrsyz, ýagny oňaýsyz netijeleri bolýar.
"Balkanda köp adam yrymlara we ynançlara ýykgyn edýär. Şol yrymlaryň biri hem sapar aýy bilen bagly bolup, bu aýda toý tutmak, ýagny durmuş ýa sünnet toýuny bermek, maşyn almak, öý gurmak, öý goş almak, işe girmek, täze biznese başlamak, hatda gyz çaganyň gulagyny deşdirmek, körpeleri çagalar bagyna bermek ýaly haýyrly işler etmek ilat arasynda halanmaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz bu yrymyň sebitde dürli iş bilen meşgullanýan telekeçilere ýaramaz täsir ýetirýändigini belläp, her ýylyň sapar aýynda toý mekanlarynyň işiniň, ulag, öý we mebel söwdalarynyň doly diýen ýaly togtaýandygyny aýdýar.
"Toýlarda aýdym aýdýan bagşylar we saz çalýan sazandalar hem girdejisiz galýar" diýip, habarçy belledi.
Degişli maglumat Türkmen tebipleri prezidentiň 'Derman ösümlikleri' kitabyndan peýdalanýarYlmy subutnamalardan mahrum bolan yrym-ynançlar dünýä halklarynyň ählisinde bar. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "yrym - gadymdan gelýän däp-dessur, bir zada niýet edilip tutulan däp" diýlip häsiýetlendirilýär.
Habarçymyz ilat arasynda sapar aýynyň durmuşa täsiriniň ýokdugyny aýdyp, bu aý bilen bagly yrymlara we ynançlara ynanmaýanlaryň hem köpdügini aýdýar. Ýöne onuň sözlerine görä, bu köplük öňden gelýän yrymlary üýtgetmäge häzirlike täsir ýetirip bilmeýär.
"Allanyň 12 aýyndan birini bagtsyz aý diýip hasaplamak gaty ýalňyş. Sebäbi indi onlarça ýyl bäri adamlar sähetli, haýyrly hasaplanýan aýlarda durmuş toýuny ýa-da beýleki haýyrly işleri edýärler. Ýöne muňa garamazdan, maşgala durmuşy bozulyp, aýrylyşýanlar juda kän. Ýa-da soňky bir aýyň dowamynda ýol heläkçiliklerinde 10-dan gowrak adam heläk bolup, bu dünýäden ötdi. Bu heläkçilikler diňe sapar aýynda ýa-da sapar aýynda satyn alnan ulaglarda bolanok ahyryn" diýip, Türkmenbaşynyň ýene bir ýaşaýjysy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.