Mekdep okuwçylary sapaklardan soň pagta ýygmaly bolýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde mekdep okuwçylary sapaklardan soň pagta ýygymyna gatnaşýarlar. Ýerli ýaşaýjylar ýurtda giň ýaýran işsizligiň hem-de ýaramazlaşan durmuş-ykdysady kynçylyklaryň ýaş çagalary kiçi ýaşda zähmete mejbur edýändigini aýdýarlar.

“Mekdep okuwçylary öz ene-atalaryna kömek etmek üçin pagta ýygmaga ýa-da obanyň içinde başga iş gözläp, maşgala eklenjine gündelik goşant goşmaga mejbur bolýarlar” diýip, maryly ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.

Döwlet metbugaty Türkmenistany “şadyýan çagalaryň bagtyýar ýurdy” atlandyrýarlar.

Ýöne maryly çagalaryň kiçi ýaşdan zähmete mejbur bolmagy döwlet metbugatynyň “bagtyýarlyk” propagandasyny ýalana çykarýar.

Degişli maglumat Tomusky dynç alyş mösüminde dürli işlerde zähmet çekýän çagalar köpelýär

“Çagalar iň bolmanda özleriniň okuw-esbaplaryny öz gazanan pullary bilen satyn alýarlar. Günortan sapaklardan soň, ellerine bir döwüm çörek alyp, pagta meýdanlaryna gidýän çagalar gün ýaşmanka öýlerine gelmeýärler” diýip, maryly bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mekdep okuwçylary sapaklardan soň ýygyma ene-atalary bilen bilelikde gatnaşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy hatda ýaňy bir sekiz ýaşdan geçen ýaş çagalaryň hem ýygyma gatnaşýandygyny habar berýär.

Mundan ozal, Türkmenistan ençeme ýyl bäri ýurduň pagtaçylyk pudagynda çaga zähmetinden peýdalanmakda ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury zähmeti gadagan edýär.

Zähmet kodeksi 18 ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän ugurlary takyk kesgitleýär.

Zähmet kodeksine görä, zyýanly ýa-da howply zähmet şertleri bolan işlerde, şeýle hem ýerine ýetirilmegi olaryň saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirip biljek işlerde on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Ýurtda zyýanly zähmet şertleri bolan işleriň sanawyny “Türkmenistandartlary” we Saglyk ministrligi kesgitleýär.

Türkmenistanyň zähmet kodeksi 18 ýaşyna ýetmedik çagalaryň potratçylyk işlerine goýberilmegine rugsat berýär.

Şeýle-de, Zähmet kodeksi umumybilim berýän edaralaryň okuwçylarynyň okuwdan boş wagty işlemegini hem-de olaryň töleg şertlerini düzgünleşdirýär.

Ýöne döwlet telewideniýesi ykdysady mümkinçilikleri pes bolan hojalyklarda gazanç etmäge we zähmet çekmäge mejbur bolýan çagalary asla görkezmeýär. Döwlet mediasy ýurtda çagalaryň diňe gülki sesleriniň ýaňlanýandygyny gaýtalaýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda çagalar tomusky dynç alyş möwsümini nähili geçirýär?

“Köp maşgalada işsizlik çagalaryň çagalyk döwrüni ellerinden alýar. 8 ýaşdan ýokary mekdep okuwçysy gowaça meýdanynda pagta ýygyp, iň köp ýyganda 10 manat alýar. Dynç günleri ir bilen öz ene-atalary bilen bilelikde pagta ýygmaga gidýärler. Şol ýerde uzak günlerini geçirýärler” diýip, maryly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar gündelik halk durmuşynda garyp maşgalalaryň çagalarynyň kemsinýän halatlarynyň köp bolýandygyny gürrüň berýärler.

“Olar kä halatlarda sapaklardan hem galyp, gara zähmete mejbur bolýarlar. Mekdep başlandan soň, okuwda barlykly çagalar mekdep dükanlaryndan dürli-dümen harytlary satyn alýarlar, garyp çagalar bolsa, diňe olara seredip ät bolýarlar. Olar eginlerini gysyp, öýlerine gelenlerinde hem iýere-içere öýde üýtgeşik iýmit ýok. Olar gündelik iýmitini şeýdip gazanmaly bolýarlar. Ejeleri pagtada olar hem ellerine çörejiklerini alyp, pagta gidýärler. Uzak gün ýadaw, dynç almadyk çagalar mekdep sapaklaryna taýynlyksyz barýarlar. Olar uly ýaşly adamyň çekip biljek agramyny çaga ýaşda arkasyny alýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet media serişdeleri ýurtda ýaş çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş kynçylyklaryny asla agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.