Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji sentýabrda Hytaýyň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini, bilelikdäki tagallalar esasynda ägirt uly tejribe toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de myhmanyň “hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykmagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtandygy” aýdylýar.
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçeniň hem gatnaşan duşuşygynda taraplar “özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdiler”.
Hytaýly resmi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Wepa Hajyýew bilen hem duşuşdy.
Bu duşuşyklar Hytaýyň prezidentiniň Gazagystana we Özbegistana etjek saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.
Türkmen DIM-niň web sahypasynda aýdylmagyna görä, 2020-nji ýylda düýbi tutulan "Merkezi Aziýa - Hytaý" duşuşygynyň ähmiýeti güýçlenip, özara düşünişmäge we açyklyga goşant goşýar.
Habarda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlyk meseleleri barada anyk maglumat berilmeýär.