Türkmenistan Pakistana suw joşgunlaryndan ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegini iberer, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara bäşinji gün gol çekdi.
“Biznes Türkmenistan” neşiriniň ýazmagyna görä, degişli derman we saglygy goraýyş serişdeleri, harytlar, azyk önümleri, ynsanperwerlik kömegi hökmünde, Pakistana muzdsuz berler.
Türkmenistan sebitiň ýurtlarynda bolýan tebigy hadysalar bilen baglylykda dürli ynsanperwerlik kömeklerini iberip durýar. Emma ýerli synçylar Aşgabatdaky hökümeti ýurduň öz ilatynyň mätäçliklerine, şol sanda tebigy hadysalar wagtynda ejir çeken hojalyklara göz ýummakda aýyplaýarlar.