29-njy awgustda “SalamNews” türkmen neşiri eýran metbugatyna salgylanyp, Türkmenistanyň Eýrandaky türkmen ilatly sebitler bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürýändigini habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri köplenç goňşy Owganystan ýa-da Eýran bilen bagly habarlarda sebitiň türkmen ilatyny agzamakdan saklanmaga çalyşýar.Ýöne ýarym-resmi neşir özüniň habarynda Eýrandaky etniki türkmenleriň ýaşaýan sebitleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini habar berdi.
Muňa garamazdan, habaryň mazmunynda Türkmenistan türkmenleri bilen Eýran türkmenleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigine güwä geçýän subutly maglumat ýok. Neşir türkmen ilatly sebitler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini Eýranyň Gülüstan sebiti bilen aradaky gümrük nokadyndan Eýranyň çägine geçirilýän harytlaryň göwrüminiň artmagy bilen delillendirýär. Neşir eýran – türkmen serhedinde ýerleşýän gümrük nokadyndan geçirilýän harytlaryň göwrüminiň artmagyny eýran türkmenleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hökmünde düşündirmäge çalyşýar.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dört sany gümrük nokady bar. Şolaryň biri bolan Inçeburun gümrük nokady Eýranyň Gülüstan welaýaty bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda ýerleşýär. Beýleki üç gümrük nokady Sarahs, Bajygyran we Artykda ýerleşýär.
SalamNews neşiriniň habaryndaky harytlar Inçeburun gümrük nokadyndan Eýrana geçipdir.
28-nji awgustda Eýranyň “Mehr” habar agentligi, beýleki bir eýran-türkmen gümrük geçelgesiniň, Gaudan – Bajygyran gümrük nokadynyň 34 aý arakesmeden soň gaýtadan açylandygyny habar berdi.
Eýranyň bir milliondan gowrak türkmen ilaty Türkmenistan – Eýran serhediniň günorta tarapyndaky sebitlerde ýaşaýar. Eýran türkmenleri etniki türkmenleriň ýaşaýan sebitlerini Türkmensähra atlandyrýarlar.
Eýranyň türkmen ilaty ýurduň umumy ilatynyň tas 1-2 göterimini emele getirýär.
Dünýä Türkmenleri bilen bagly gysga habarymyzdan soň, gepleşigimiziň esasy mazmunyna geçeli! Gepleşigimiziň bu sany geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanda we öňki Sowet giňişliginde bolup geçen käbir möhüm wakalara gönükdirilýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar