Türkmen häkimiýetleri Türkiýe döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 3-nji sentýabrda beýanat çap etdi.
Ministrligiň beýanatynda türkmen tarapynyň "Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak" maksady bilen, şeýle karary kabul edendigi aýdylýar.
Ýöne ýekeje sözlem bilen halk köpçüligine ýetirilen we ýüzlerçe müň adama täsir ýetirjek bu kararyň sebäpleri, şeýle-de "wagtlaýyn esasdadygy" aýdylýan wiza düzgüniniň haçana çenli dowam etjekdigi barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Degişli maglumat Türkmenistan aeroportdaky protestlerden soň, Türkiýede galan raýatlaryny ‘tiz-tizden’ watanyna dolamak isleýärHäzire çenli Türkiýe türkmenistanlylardan 30 güne çenli wiza talap etmeýär. Şol sebäpli Türkiýe, türkmen raýatlarynyň okuw ýa-da zähmet migrasiýasy, şeýle-de söwda etmek üçin iň köp saýlaýan ýurtlaryndan biri hasaplanýar.
Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň 1-nji sentýabrda çap eden sanlaryna görä, ýurtda 230 müňe golaý türkmenistanly kanun esasda ýaşaýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler hakyky sanyň birnäçe esse köpdügini aýdyp, türkmenleriň köpüsiniň bikanun esasda ýaşaýandygyny belleýärler.
Türkmen DIM-niň beýanaty, Türkmenistanyň raýatlary üçin ozal wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik döredilen käbir ýurtlarda, şol sanda Türkiýede indi ýörite giriş rugsatnamasynyň soralýandygy barada maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
5-nji awgustda Turkmen.news neşiri öz çeşmelerine we sosial ulgamlardaky ýazgylara salgylanyp, türkmen ýolagçylarynyň Türkiýä wizasyz goýberilmeginiň togtadylandygyny habar berdi.
“Stambula amala aşyrylýan çarter uçarlaryndan peýdalanmakçy bolýan ençeme adama, Türkiýäniň ilçihanasyndan ýörite ‘wauçer’ almalydygyny, muny hem wizany düzetmek üçin, soňra syýahatçylyk agentligine eltmelidigini aýtdylar. Bu hili wizasy bolmadyk ýolagçylaryň birnäçesini uçardan düşürdiler” diýip, neşir belledi.
Şol günlerde sosial ulgamlarda käbir türkmenistanly ulanyjylar Gürjüstanyň aeroportunda hem özlerinden wiza soralandygyny, ýogsa ozalky tertibe laýyklykda bu günorta kawkaz ýurdunda bir ýyla çenli wizasyz galyp bolandygyny ýazdylar.
Türkmenistanyň Türkiýä eden ýüzlenmesi, häkimiýetleriň Türkiýede galan raýatlaryny köpçülikleýin ýagdaýda watanyna dolamagy göz öňünde tutýandygy, beýleki tarapdan bolsa, eklenç aladalary zerarly ýa-da ýokary okuw maksady bilen Türkmenistany terk etmäge çalyşýan raýatlaryň köpelýändigi barada habarlaryň gowuşýan mahalyna gabat geldi.
Degişli maglumat Türkmenistany terk etmäge çalyşýan adamlar ‘köpelýär’11-nji awgustda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bir türkmenistanly Türkiýä gitmek üçin 5000 dollar möçberinde pul soraýan taraplaryň bardygyny we bu puluň içine ähli kagyz işleriniň hem-de uçar bilediniň töleginiň girýändigini gürrüň berdi.
Türkmenistanly synçy Serdar Aýtakow häkimiýetleriň ýurda girelgeleri we ýurtdan çykyşlary ýapýandygyny belläp, soňky çäräniň birnäçe maksadynyň bardygyny aýdýar.
"Häkimiýetler wiza režimini girizmek bilen, zähmet migrasiýasyny azaltmagy we Türkiýede eýýäm mesgen tutanlar bilen arany kesmegi maksat edinýärler. Hiç kimiň yzyna gaýdyp gelmek ähtimallygy ýok we häkimiýetleriň olara mätäçligi hem ýok, resmiler bu kategoriýadaky adamlary ygtybarly däl raýatlar hasaplaýarlar" diýip, Aýtakow aýtdy.
Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysy Türkmenistanyň hökümetiniň Türkiýeden türkmen raýatlary üçin wiza režimini girizmegi haýyş edip ýüzlenmeginiň özüni diýseň geň galdyrandygyny aýdýar.
"Lebabyň ilatynyň tas 40 göterimi daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolup, olar gazanç edip, öýlerine pul iberýärler. Hökümet migrantlary goldamalydyr" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda uçar biletleriniň daşyndaky basa-baslyk dowam edýärBu aralykda, sosial ulgamlarda käbir türkmenistanly ulanyjylar türkmen hökümetiniň bu kararynyň özlerini geň galdyrandygy we gynandyrandygy barada pikirlerini paýlaşdylar.
"Beýleki hökümetler öz raýatlary üçin wiza režiminiň ýatyrylmagyny haýyş edip ýüzlense, biziň döwletimiz gaýtam tersini edýär. Olar öz halkynyň gününi has-da kynlaşdyrmak üçin Türkiýeden türkmenistanlylar üçin wizasyz režimi ýatyryp, wiza düzgünini girizmegi soraýarlar" diýip, türkmenistanlylaryň biri belleýär.
Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli sosial ulanyjynyň şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary paýlaşmakdan saklanýar.
Galyberse-de, Türkmenistanyň DIM-niň ýüzlenmesi, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň arasynda aktiwizmiň işjeňleşen, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durandygy baradaky aladalarynyň artýan mahalyna, şeýle-de şu ýylyň aýagynda geçirilmeli ilat ýazuwynyň öň ýanyna gabat geldi.
Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 1,8 million töweregi türkmenistanlynyň ýurtdan göçüp gidendigini, şeýle-de ýurduň häzirki ilatynyň 2,7-2,8 million töwereklerindedigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Türk uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleri wiza üçin ençeme resminama ýygnamalyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.