Mary welaýatynda transport hyzmatlary we okuw esbaplary ep-esli gymmatlady. Okuw ýylynyň öňüsyrasynda köpler çagalaryny mekdebe taýýarlamaga howlukýarka, taksilere bolan isleg we bahalar ýokarlandy. Bu aralykda, köp adam mekdep üçin zerurlyklaryny satyn alyp bilmeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydaky ýagdaý barada maglumat berýärler.
Baýramalynyň bazarynda, esasanam mekdep üçin haryt satylýan hatarlarda şu günler adam köp. Emma täze okuw ýyly üçin zerur zatlary satyn almak her kime elýeterli däl.
"Çagama zerur zatlaryň hemmesini satyn alyp bilmedik. Ogluma köýnek we jalbar satyn aldym, ýöne aýakgaba pul ýetmedi. Ol mekdebe şypbyk geýip gitmeli bolar. Men oňa aýakgap satyn almagy söz berdim. Ýene biraz pagta ýygsam, aýakgaba pul ýeter" - diýip, bazara gelen bir ene gürrüň berdi.
Degişli maglumat Okuw esbaplary we mekdep lybaslary çagalara gymmada düşýär, mekdep okuwçylary zähmete mejbur bolýarAzatlygyň habarçysy pagta ýygmagyň etraplardaky köp maşgala üçin esasy girdeji çeşmesidigini we pagta ýygyma çagalaryň hem gatnaşýandygyny habar berdi. Emma onuň sözlerine görä, bazara gelen alyjylaryň ençemesi, agyr zähmet bilen gazanan pullarynyň zerur zatlara ýetmejegine göz ýetiripdir, sebäbi bahalar esli ýokarlanypdyr.
"Öýde çagalar okuw başlanýança gözleri pagta meýdanyndan açylmaýar. Olar öz eşiklerini pagta ýygyp gazanýarlar. Her ýyl okuw möwsümi ýakynlanda bazarlarda okuw esbaplary hem iki esse gymmatlaýar" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Şu aýyň dowamynda ýurduň dürli böleklerinde oba hojalygynda işleýän, zir-zibilden plastik çüýşeleri ýygnaýan we bazarlarda dilegçilik edýän çagalaryň köpdügi habar berildi. Habarçylar mekdep okuwçylarynyň şeýdip, okuwa zerur zatlary satyn almak üçin pul ýygnamaga synanyşýandyklaryny habar berdiler.
Munuň yzýany 26-njy awgustda ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti pes girdejili maşgalalary we mekdep ýaşyndaky çagalary goldamak üçin çäre geçirdi. Twitterdäki ýazga görä, ÝB-niň wekilýeti "Ýeňme" we "Keýik Okara" atly jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 50 çagany goldapdyr we olara mekdep esbaplaryny sowgat beripdir.
Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri garyplyk meselesini, şol sanda mätäç ilatyň kynçylyklaryny, çagalaryň okuwa taýýarlygyndaky kemçilikleri gozgamady. Döwlet neşirleri ýetip gelýän okuw ýyly bilen baglanyşykly çap eden maglumatlarynda ýurtda 400 töweregi mekdep bazarynyň işleýändigini habar berdi.
Azatlygyň Marydaky habarçylary köpçüligiň okuw ýylyndan öňki taýýarlyklaryň transport hyzmatlaryna bolan islegi ýokarlandyryp, taksileriň bahasynyň iki esse artmagyna sebäp bolandygyny habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, hususan-da, Baýramaly we Garagum etrabynyň arasynda gatnaýan taksileriň bahasy bir hepdäniň dowamynda her adam başyna 7 manatdan 15 manada çenli ýokarlanypdyr. Şeýlelikde, okuw esbaplarynyň we egin-eşikleriň bahasyna ulag çykdajylary hem goşulypdyr.
Köpçülik taksi tutanda goşulyp gidýär we bahasyny paýlaşyp töleýär. Jemgyýetçilik transporty etrap ilaty üçin tas elýeterli däl. Hususan-da, Baýramalynyň we Garagum etrabynyň arasynda diňe bir sany awtobus gatnaýar. Habarçymyz, onuň hem köne bolansoň tiz döwülýändigini we käte iki günläp awtobusyň bolmaýandygy gürrüň berdi. Dynç günleri bu aralykda awtobus düýpden gatnamaýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.