Garagalpagystanda köpçülikleýin närazylyklardan soň, sebitiň başlygy çalşyldy: oňa IIM-niň öňki başlygy bellendi

Nöküsde 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda bolan köpçülikleýin protestler

Garagalpagystanda (Özbegistanyň düzümindäki awtonom respublika) köpçülikleýin protestlerden soň, sebitiň başlygy çalşyldy. Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, öňki içeri işler ministri Amanbaý Orynbaýew Garagalpagystanyň Žokargy Keneşiniň (mejlisiniň) başlygy wezipesine saýlandy.

Orynbaýewden ozal 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Garagalpagystanyň mejlisine Murat Kamalow ýolbaşçylyk edip geldi. Indi onuň "saglyk ýagdaýy sebäpli" işden aýrylandygy habar berilýär.

Gazeta.uz mundan ozal Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Garagalpagystanyň ýolbaşçylaryny sebitdäki protestlere ýol bermekde aýyplandygyny belleýär. "Iki aý mundan ozal bolup geçen wakalaryň düýp sebäbi sosial-ykdysady meseleleriň çözgüdini tapyp bilmezlikden ybarat" diýip, Özbegistanyň döwlet baştutany aýtdy.

Garagalpagystan Respublikasynyň konstitusiýasyna laýyklykda, Žokargy Keneşiň başlygy bu sebitiň başlygy we ýokary wezipeli ýolbaşçysy bolýar. Ol Özbegistanyň prezidentiniň razylygy bilen bu wekilçilikli edaranyň ygtyýarlyk möhletinde, gizlin ses bermek arkaly, şol edara tarapyndan saýlanýar.

Nöküsde we beýleki şäherlerde köpçülikleýin närazylyk protestleri 1-nji iýulda başlandy. Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şol sanda Garagalpagystanyň, eger raýatlar islese, referendum geçirmek arkaly garaşsyzlyga eýe bolmak hukugyna kepil geçýän maddalaryň baş kanundan aýrylmagynyň teklip edilmeginden soňra ýüze çykdy. Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, bidüzgünçiliklerde azyndan 18 adam heläk boldy.

Sebitde dörän protestleriň arasynda, Mirziýoýew 2-nji iýulda Nöküse sapar etdi we "Garagalpak halky nägile bolsa" respublikanyň özbaşdaklygy baradaky konstitusiýanyň maddalarynyň üýtgedilmejekdigine söz berdi. Özbegistanyň Içeri işler ministrligi demonstrasiýalary bikanun diýip atlandyrdy. Şeýle hem ol edaranyň maglumatynda "konstitusiýa reformasyna nädogry düşündiriş berlendigi” aýdyldy.

4-nji iýulda Özbegistanyň häkimiýetleri 18 adamyň ölendigini habar berdi: olardan 14-si parahat ilatdan, dördüsi kanun goraýjy işgärler. Şeýle hem 516 adam tussag edildi. Özbegistanyň Baş prokuraturasy tussag edilenlerden 14 adamyň Jenaýat kodeksiniň "konstitusiýa gurluşyny bozmak" maddasyna laýyklykda günäkärlenendigini habar berdi.

Şol gün Özbegistanyň Mejlisi ýurduň konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek taslamasynda, Garagalpagystanyň özygtyýarlylyk statusyny goramak barada resmi karar berdi.

Özbegistanyň prezidentiniň karary bilen Garagalpagystanda, 3-nji iýuldan 2-nji awgusta çenli adatdan daşary ýagdaý girizildi, ýöne ol 21-nji iýulda wagtyndan öň ýatyryldy.

Garagalpagystan Özbegistanyň iň uly sebitlerinden biri bolup, onuň 40% meýdanyny tutýar. Garagalpagystan geçen 100 ýylyň dowamynda, SSSR-iň bir respublikasyndan beýlekisine 5 gezek geçirildi we 1990-njy ýylda döwletiň özygtyýarlylygy yglan edildi. 1991-1993-nji ýyllarda Garagalpagystan Özbegistandan garaşsyz ýaşady, ýöne bu karar Daşkentde kabul edilmedi.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.