“Turkmenistan Airlines” kompaniýasy Germaniýa bilen aradaky uçar gatnawlaryny dikeldýär diýip, “Orient” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.
Habara görä, Aşgabat – Frankfurt – Türkmenabat ugurlary boýunça ýola goýuljak uçar gatnawlary hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar.
“Türkmenistandan Germaniýa gitmek üçin uçar peteginiň bahasy 5705 manat, Germaniýadan Türkmenistana barmak üçin 6070 manat diýip, Orient ýazýar.
Türkmenistanyň milli daşaýjysy iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawlaryny iki ýyl mundan ozal pandemiýa zerarly ýatyrypdy.