Türkmenbaşy: Ýaşaýjylar öýe çekilen Internetiň tizliginden nägile bolup, hyzmatlardan ýüz öwürýär

"Türkmentelekom" kompaniýasynyň aragatnaşyk işgärleri. Aşgabat ş. Türkmenistan

Türkmenistanda soňky aýlarda Internetiň tizliginiň ozalkysyndan has-da peselmegi bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde öýlerine Internet çekdiren hojalyklar “Türkmentelekom” kompaniýasynyň Internet hyzmatlaryndan ýüz öwrüp başladylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar welaýatda Internet hyzmatlaryndan köpçülikleýin ýüz öwrülmegine esasan Internet hyzmatlarynyň hiliniň pes bolmagynyň, Internet tizliginiň has-da peselmeginiň, ençeme güýmenje saýtlarynyň hem-de VPN-leriň petiklenilmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenbaşy şäherinde öýlerine Internet çekdiren hojalyklaryň aglabasy awgust aýynyň başyndan bäri ‘Türkmentelekomyň’ öý hyzmatlaryndan ýüz öwrüp başlady. Bu müşderiler geçen aýdan başlap, Wi-Fi töleglerini geçirmegi bes etdiler. Olar aragatnaşyk kärhanasynyň Türkmenbaşydaky şahamçasyna baryp, her aý 200-300 manat töläp bilmejekdiklerini aýdýarlar we arza berip, Internet hyzmatlaryndan el çekýändiklerini aýdýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme anonimlik şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda IMO messenjeriniň işi çäklendirilýär, VPN-ler petiklenýär

Balkan welaýatynda öý Internet hyzmatlary “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň “Balkantelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan ilata hödürlenýär.

Azatlyk Radiosy türkmenbaşyly müşderileriň Wi-Fi hyzmatlaryndan köpçülikleýin ýüz öwürmegi baradaky habarlar boýunça “Balkantelekom” kärhanasyndan kommentariý alyp bilmedi.

“[Öý Internetine töleg geçirmeklik] her aý 300 manady zibile taşlamak bilen deň. Sebäbi, YouTube we beýleki güýmenje saýtlary ýapyk. Indi gündizlerine IMO messenjeri hem işlemeýär. Daşary ýurt döwletinde ýokary bilim alýan gyzym bilen habarlaşmak üçin gije 2-ä çenli garaşmaly bolýaryn, sebäbi IMO gije ikiden soňra işläp başlaýar. Biderek. Döwletiň işlemeýän Internetine tölär ýaly artykmaç pulumyz ýok” diýip, Gülşat gelneje (ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Iki hepde mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda şu wagta çenli petiklenilmedik IMO messenjeriniň ulanyjylar üçin çäklendirilip başlanandygyny habar berdiler.

Şonda Azatlyk IMO messenjeriniň çäklendirilmeginiň sosial torlarda hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi.

“Biz Internet üçin 200 manat töleýäris, hiç bir saýt açylmaýar, kino we suratlary indirmek asla mümkin däl, iň bolmanynda IMO-ny bir açyň. Bolmasa, arza ýazarys we şikaýat ederis” diýen pikirler awgustyň başlarynda internet torlarynda paýlaşyldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary indi Türkmenbaşy şäherinde ulanyjylaryň arzalaryny ýazyp, Internet hyzmatlaryndan el çekýändiklerini habar berýärler.

“Biziň pulumyz bilen Interneti gowulandyrmaga derek, ahmal, millionlarça dollara VPN-i hem-de Interneti petikleýän enjamlary satyn alýarlar. Onsoň, Internet torlary petiklenilýär. Telekomyň işgärleri 1000-1500 manat aýlyga işleýärler. Ulanyjylary yzarlaýan enjamlary, VPN-i petikleýän gurallary satyn almaga derek, işgärleriň aýlyk haklaryny göterseler, Internetiň tizligini gowulandyrsalar gowy bolardy” diýip, bir balkanly aragatnaşyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Zenanlary we Interneti çäklendirýän Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda ilkinji hakaton geçirildi

Türkmenistanyň hökümeti Internet toruny we maglumat akymyny çäklendirmekde halkara hukuk goraýjy guramalar tarapyndan ýyllarboýy tankyt edilýär.

Türkmenistanyň resmileri ýurtda ençeme pudaklaryň tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilýändigini öňe sürýärler. Döwlet metbugaty we hökümetçi neşirler ýurtda Internet tizliginiň peseldilmegi, VPN ulgamlarynyň petiklenilmegi ýaly Internet çäklendirmeleri barada maglumat bermeýärler.

Ýöne dünýäniň beýleki künjeklerindäki Internet elýeterliginiň ýagdaýy hökümetçi neşirleri gyzyklandyrýar.

Meselem, hökümete tarapdarlygy bilen giňden tanalýan Turkmenportal.com neşiri dünýäniň iň belent dag gerişleriniň birinde, Afrika yklymyndaky Kilimanjaro dagynyň depesine Internet aragatnaşygynyň çekilendigini 19-njy awgustda habar berdi.

Ýöne hökümetçi neşir dünýäde hatda Kilimanjaro dagynyň depesine hem çekilýän Internet ulgamynyň Türkmenistandaky elýetersizligini agzamady.

“Afrika yklymynyň iň ýokary nokadyna Internetiň çekilmegi syýahatçylygy has-da ösdürmäge mümkinçilik berer” diýip, hökümetçi Turkmenportal.com Tanzaniýanyň aragatnaşyk ministri Nnape Nnauýeniň sözlerini getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.