Türkmenistan ýene TOPH howpsuzlygyny maslahatlaşdy

Arhiw suraty

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly howpsuzlyk çärelerini maslahatlaşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Dördünji gün sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda taraplar taslamanyň howpsuzlygyny halkara ülňülerine we talaplaryna laýyklykda üpjün etmek barada pikir alyşdylar diýip, habarda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ýakynda bu taslama boýunça amaly işleri etjek topar döredendigi, goňşy ýurduň Içeri işler we Goranmak ministrlikleriniň fewral aýynda türkmen tarapyny taslamanyň howpsuzlyk meýilnamasy bilen tanyşdyrandygy bellenýär.

Türkmenistanyň Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli çekilmeli 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisi barada onlarça ýyl bäri gürrüň edilýär, emma häkimiýetler onuň öňünde duran iki kynçylygyň – maliýe we howpsuzlyk meseleleriniň çözgüdi, bu taslamanyň ykbaly barada hünärmenler tarapyndan aýdylýan dürli pikirlere reaksiýa bildirmeýärler.