Russiýanyň Ukraina esassyz çozuşy türkmen giňişliginde nähili ara alnyp maslahatlaşylýar?

Kiýewdäki Ene toprak ýadygärligi we Ukrainanyň döwlet baýdagy

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Ukrainada dowam edýän esassyz rus agressiýasy babatda türkmen giňişliginde uzaga çeken dymyşlygy öwrenmäge synanyşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji awgustda Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli prezident Wolodymyr Zelenskä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ukrain halkyna bolsa durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina esassyz goşun girizmeginden bäri Ukrainada gazaply uruş dowam edýär.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diňe Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ukraina garaşsyzlyk gutlaglaryny iberdi.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 22-nji awgustda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, özbek-rus gatnaşyklaryny maslahat etdi. Putin 23-nji awgustda täjik kärdeşi bilen hem telefonda gürleşdi. Post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gazak we gyrgyz prezidentleri Ukraina gutlag ibermedi.

Ýöne türkmen prezidentiniň ukrain halkyna iberen gutlagynda uruş we parahatçylyk agzalmady.

Türkmenistanyň media giňişliginde Ukrainadaky uruş agzalmaýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Ukrainada dowam edýän esassyz rus agressiýasy babatda türkmen giňişliginde uzaga çeken dymyşlygy öwrenmäge synanyşýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Russiýanyň Ukraina çozuşy türkmen giňişliginde nähili ara alnyp maslahatlaşylýar?