Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň elektrik üpjünçilik kärhanasy soňky aýlarda elektrik töleglerini töläp bilmedik, bergili hojalyklaryň ýüzlerçesiniň toguny kesdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we şäheriň elektrik üpjünçilik kärhanasyndaky ynamdar çeşmesi sebitden maglumat berdi.
Ýurduň günbatar welaýatynda ýaşaýjylaryň öýlerine berilýän elektrik energiýasynyň kesilmegi, ýurduň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň şu ýylyň ýedi aýynda elektrik energiýasyny öndürmek we eksport etmek boýunça ösüş sanlaryny yglan eden döwrüne gabat geldi.
"22-nji awgustda Türkmenbaşydaky 500-den gowrak hojalygyň elektrik energiýasy kesildi. Olar soňky alty aý üçin elektrik energiýasynyň töleglerini töläp bilmedik hojalyklardyr" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Degişli maglumat Baýramalynyň ýaşaýjylaryna elektrik togy üçin bergini üzmäge 3 gün berildiHabarçymyz şäheriň Azatlyk, Azady we Puşkin köçeleriniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynda 100-den gowrak hojalygyň elektrik energiýasynyň kesilendigini hem habar berdi.
Onuň sözlerine görä, bu hojalyklaryň käbiri alty, käbiri-de iki-üç aý bäri sarp eden elektrik energiýasynyň töleglerini töläp bilmeýär. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň ençemesi munuň sebäplerini durmuşyň, şol sanda azyk we senagat harytlarynyň, geýim-gejimleriň gymmatlamagy we alýan aýlyklarynyň azlygy bilen düşündirýär.
Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ýurduň prezidenti bu kararyň kabul edilmegini ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündirdi.
Ýöne Azatlyk ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy, köp maşgala üçin diňe bir hyzmatlar däl, eýsem çörek we un ýaly esasy azyklaryň elýeterli däldigi barada karardan öň we soň dowamly habar berip gelýär.
"Tomus paslynyň ilkinji günlerinden bäri dowam edýän yssy howa sebäpli kondisioner, holodilnik we suw sowadyjy ýaly ençeme enjam bir bada işledilýär. Şol sebäpli tok hasaplaýjymyz köp ýazdy. Üstesine-de, bu aý çagalarym üçin mekdep eşiklerini we okuw esbaplaryny satyn almaly bolduk. Şol sebäpli toguň puluny töläp bilmedik" diýip, Azatlyk köçesinde ýaşaýan, efirde adynyň Dürsoltan gelineje diýlip tutulmagyny soran ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şäheriň elektrik üpjünçilik kärhanasy oňa alty aýlyk bergisiniň bardygy we ýylyň ahyryna çenli hem pul geçirmelidigi hakda hasap çykaryp, 800 manatdan gowrak bergilidigini aýdypdyr. Şeýle-de, kärhana oňa muny "tiz wagtda" tölemese, onda onuň üstüne her aý goşmaça jerimäniň goşuljakdygyny hem duýdurypdyr.
Degişli maglumat Lebaply sürüjiler benzin satyn almak üçin gaz we tok üçin bergisiniň ýokdugyny subut etmeliAzatlyga bu barada Türkmenbaşy şäheriniň elektrik üpjünçilik kärhanasyndan kommentariýa almak başartmady.
Türkmenistanyň günbatar welaýatynda ýüzlerçe hojalygyň öýüne berilýän elektrik energiýasynyň kesilmegi, ýurduň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň şu ýylyň ýedi aýynda elektrik energiýasyny öndürmek we daşary ýurtlara eksport etmek boýunça ösüş sanlaryny yglan eden döwrüne gabat geldi.
Çarymyrat Pürçekow 12-nji awgustda prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berip, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgininiň 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgininiň 141,3 göterime barabar bolandygyny aýtdy.
Energiýa resurslaryna baý Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ösüş sanlaryny yzygiderli yglan etseler-de, ilatyň kommunal töleglerini öz wagtynda tölemek meselesinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Degişli maglumat Elektrik we suw ýetmezçiligi: Tomsuň aşa yssy günlerinde ilatyň 'agyryly' meselesi ýitileşýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.