Türkmenistan TOPH taslamasynyň işiniň çaltlandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär

Illýustrasiýa suraty.

Türkmen tarapy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy boýunça işleri çaltlandyrmak isleýär diýip, hökümetçi “Biznes Türkmenistan” neşiri pakistan metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Lahor Söwda-senagat edarasyna eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Pakistan bilen ýokary derejeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça işleriň tizleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläpdir.

Bu aralykda, hökümetçi Turkmenportal.com neşiriniň owgan metbugatyna salgylanyp habar bermegine görä, ýakyn wagtda TOPH taslamasy boýunça gepleşik geçirmek üçin owgan wekiliýetiniň Türkmenistana gelmegine garaşylýar.

Türkmenistan düýbi 2015-nji ýylda tutulan TOPH gaz geçiriji taslamasy arkaly Günorta Aziýa ýurtlaryna ýylda 33 milliard kub metr gaz satmagy meýilleşdirýär.