15-nji awgustda Mary şäherindäki "Belent" söwda merkeziniň daşynda üýşen müňlerçe adam söwda nokady tarapyndan gurnalan lotereýa oýnunda özlerine baýrak çykmandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirdi. Nägileligi köşeşdirip, köpçüligi dargatmaga çalşan howpsuzlyk işgärleri bilen adamlaryň arasynda goh-galmagal turdy. Basa-baslykda ene-atalaryň çagalaryny tapyp bilmeýän halatlary-da boldy. Raýatlara garşy güýç ulanan howpsuzlyk işgärleri onlarça adamy tussag etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we waka şaýat bolan marylylar gürrüň berdiler.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, awgust aýynyň başynda "Belent" söwda merkezi lotereýa oýnunyň geçirilýändigini yglan etdi. Şonda söwda merkezi oýna 50 manat töläp, bir jorap satyn alan her bir raýatyň gatnaşyp bilýändigini we oňa gatnaşan adamlaryň hiç biriniň baýraksyz galmajakdygyny, ýagny lotereýalaryň hiç biriniň boş däldigini mälim etdi.
"Söwda merkezi lotereýa oýnunda awtoulag, kir maşyn, gap-gaç ýuwýan maşyn, holodilnik, manty gazan, ütük, pylesos we başga-da ençeme baýragyň beriljekdigi barada reklama etdi" diýip, bir maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Bankomatlaryň öňünde ýene uly nobatlar döreýärHabarçymyz lotereýanyň oýnalýan güni, ýagny 15-nji awgustda irden sagat 8-den soňra adamlaryň söwda merkeziniň öňüne üýşüp başlandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, adam gaty köpdi. Olaryň takyk sanyny aýdyp bolmasa-da, dört müňden köpdügi çaklanylýar.
"Sagat 9-da lotereýa oýnalyp başlandy. Adamlaryň arasynda karz alyp jorap satyn aldym diýenler, öz nesibesini barlamak üçin 1000 manatlyk jorap satyn alanlar hem bardy. Adamlaryň satyn alan jorabyndan hiç zat çykmady. Adamlar hiç bir lotereýa boş däl diýdiler diýip, aldanandygyny bildiler we biri-birine Ak bazarda edil şu jorabyň 10 sanysynyň lomaý bahadan 20 manada satylýandygyny aýtdylar. Adamlar gahar-gazaba mündüler. Söwda merkeziniň öňünde ilki başda 15-20 sany polisiýa işgäri bardy. Olar adamlaryň gahar-gazabynyň öňünde durup bilmän, yza süýşdüler" diýip, waka şaýat bolan maryly ýaşaýjy aýtdy.
Mundan soň, adamlar söwda merkezine girmäge başladylar. Ol ýere giren adamlar söwda işgärlerinden joraplaryň yzyna alynmagyny we pullarynyň gaýtarylyp berilmegini soradylar. Ýöne söwda merkeziniň howpsuzlyk işgärleri olary dükandan kowup çykardylar.
Bu aralykda, habarçymyzyň maglumatyna görä, sebite goşmaça iberilen howpsuzlyk, şol sanda polisiýa işgärleri hem adamlara güýç ulanyp, olary söwda merkeziniň içinden we daşyndan dargatmaga başladylar. Elleri rezin dürreli howpsuzlyk işgärleri goh edýän adamlaryň gollaryny togalap, polisiýa ulaglaryna salyp, şäher polisiýa bölümine alyp gitmäge başladylar. Ýöne munuň bilen adamlaryň sany azalyp, gahary köşeşmedi.
Degişli maglumat Mary welaýatynyň obalarynda ýanwaryň un paýy berilýär"Söwda merkezini dessine ýapdylar. Öýlän sagat 3 töwereginde onuň içinde öz işgärlerinden başga adam galmady. Howpsuzlyk işgärleri diňe goh edýän adamlary däl, eýse mobil telefonynda wideo ýa-da surat düşürmekçi bolan adamlary hem tussag edip, äkitmäne başladylar. Hatda olar söwda merkeziniň işgärleriniň hem el telefonlaryny ýygnap aldylar. Raýat geýimli adamlar halkyň arasyna girip, wideo we surat düşürýänleri yzarlamana, olaryň gürrüňlerini diňlemäne başladylar. Olar "Borlaý, gideliň. Duranymyzyň peýdasy ýok" diýip, adamlaryň arasynda ýygy-ýygydan gürlemäne başladylar. Ýöne yssy howada jany ýanyp, barja puluna jorap satyn alyp, hiç bir baýrak alyp bilmedik adamlaryň ençemesi özlerini dargatmaga çalyşýan howpsuzlyk işgärleriniň birnäçesi bilen ýaka tutuşdy. Basa-baslykda ençeme ene-atanyň çagalaryny tapyp bilmeýän halatlary-da boldy. Bu aýylganç ýagdaýdy" diýip, maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, gaharlanan käbir adamlar söwda merkeziniň töweregindäki enjamlara zeper ýetirmäge synanyşdylar. Polisiýa halkyň nägileliginiň öňünde durup bilmän, ýene çete süýşdi we "ertir howpsuzlyk kameralaryndan görüp, birin-birin tussag ederis" diýip, köpçülige haýbat atdy.
Degişli maglumat Garagumyň döwlet dükanlary ilata berilmeli uny kemeldip, 'ýokardakylara pul ýygnaýar'Ýöne adamlar, habarçymyzyň sözlerine görä, diňe lotereýanyň şu hepde welaýatyň uly bazarynda gaýtadan oýnaljakdygy barada häkimiýetleriň beren wadasyndan soňra, giçlik sagat 6-dan soň söwda merkeziniň öňüni terk etdiler.
Azatlyk bu barada agzalýan söwda merkezinden, Mary şäher häkimliginden we polisiýa müdirliginden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň yzygiderli eden synanyşyklary netijesiz boldy. Tussag edilenleriň ykbalyny hem anyklap bolmady.
Söwda merkeziniň websaýtynda hem ne lotereýa oýny, ne-de gürrüňi edilýän waka barada maglumat ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ilat arasynda lotereýa oýunlaryndan haraý gözleýän adamlar köpelýär. Käbir söwda merkezleri bu ýagdaýdan peýdalanyp, wagtal-wagtal lotareýa oýunlaryny gurnaýarlar. Ýöne käte olary gurnamak prosesinde aýdyňlygyň ýokdugyny, ýerli ilata "hiç bir gatnaşyjynyň baýraksyz galmajakdygy" ýaly ýalňyş maglumatlaryň berilýändigini, ýerli synçylar aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.