"Amerikan arzuwynyň" gözleginde. Gyrgyz maşgalalary Meksikanyň üsti bilen ABŞ-a bikanun geçýärler

Migrantlar Meksikanyň serhedinden ABŞ-a geçýärler.

Gyrgyzystandan bolan barha köp raýat Meksikanyň üsti bilen ABŞ serhedinden bikanun geçmek üçin, howply ýollardan peýdalanýar. Olar gaçakçylyk edýänlere müňlerçe dollar töleýärler. Käbir bikanun geçýänler Meksikanyň türmelerine düşýärler, beýleki käbirine bolsa, hatda ABŞ-a barsalar hem deportasiýa edilmek howpy abanýar.

Aýsalkyn we onuň maşgalasy adam gatnadyjylara Gyrgyzystandan Meksika bikanun gitmek üçin, müňlerçe dollar tölediler. Olar Latyn Amerikasynyň bir ýurdundan, ABŞ-a bikanun geçmek islediler.

Aýsalkynyň maşgalasy – adamsy hem iki ýaş çagasy ABŞ-Meksika serhedinden geçmek üçin, 17 gezek şowsuz synanyşyk etdiler. Ahyrsoňy şu tomusda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna aşdylar.

Familiýasyny aýtmak islemedik Aýsalkyn öz maşgalasynyň "suw kanalynyň ugrundaky ganawdan geçendigini", gijäniň ýarynda serhetden geçmek üçin, "haýadyň aşagyndan sümüp geçmäge synanyşandyklaryny" gürrüň berýär.

Gyrgyzystandan bolan ýüzlerçe raýat her ýyl has gowy durmuş gözläp, bikanun ýollar bilen Meksikanyň üstünden, ABŞ-a gitmäge çalyşýar.

Migrantlar Meksika aşmak we ondan soňra ABŞ-a gitmek üçin, dürli syýahatçylyk agentliklerine we adam gaçakçylaryna pul töleýärler. Howply ýoluň birnäçe aýa çekmegi mümkin. Amerikadaky Gyrgyz diasporasynyň agzalarynyň aýtmagyna görä, käbir migrantlar Meksikanyň türmelerine düşýärler, beýleki birleri agyr ýolda ölýärler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geçenlerinden soňra-da, köpler deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar ýa-da ol ýerde bikanun ýaşaýarlar. Olaryň immigrasiýa diňlenişigi birnäçe ýyla çekip bilýär, aslynda bikanun immigrantlara gaçybatalga beriljekdigine kepillik ýok.

Agyr töwekgelçilige garamazdan, ABŞ-a girmäge synanyşýan merkezi aziýaly migrantlaryň sany azalmaýar.

Degişli maglumat ABŞ-a Meksikanyň üsti bilen. Merkezi Aziýadan bolanlar nädip serhetden gizlin geçýärler

Meksikadan ABŞ-a gelen gyrgyz migrantlarynyň takyk sany belli däl, sebäbi olaryň köpüsiniň, şol sanda Aýsalkynyň hem rus pasporty bar.

Bikanun migrantlar köplenç Russiýanyň üstünden ýola çykýarlar hem-de şol başda üçünji bir ýurtlaryň üsti bilen Meksika aşmak üçin, Russiýanyň hususy kompaniýalaryna pul töleýärler.

“Biz Soçiden Stambula, ol ýerden hem Kankuna uçduk, soňra Tihuana we Mehika geldik. Tihuana şäherinde [adam söwdagärleri] ABŞ-nyň serhedinden geçmegimize kömek bermek üçin, uly adamlara müň dollar, her çaga üçin hem 800 dollar sorady. Biz köp gezek geçjek bolup synanyşdyk. Biz pyýadalap synanyşyk etdik, iki gezek hem maşyn aldyk. Netije bolmady" diýip, Aýsalkyn aýdýar.

Aýsalkyn hem onuň maşgalasy birnäçe günläp ABŞ-nyň deslapky derňew tussaghanasynda saklanýarlar. Olary soňra boşatdylar, indi immigrasiýa diňlenişigine garaşýarlar.

Beýleki gyrgyz migrantlarynyň başdan geçirenleri bilen deňeşdirilende, Aýsalkynyň ýoly gaty gysga we ýeňil bolupdyr. Käbirleri birnäçe aýlap Meksikanyň türmelerinde oturýarlar, kimdir biri kezzaplygyň we talaňçylygyň pidasy bolýar. Amerikanyň Çikago şäherindäki Gyrgyz jemgyýetiniň utgaşdyryjysy Žakşylyk Muratyň aýtmagyna görä, ABŞ-a aşjak bolup, heläkçilige uçraýanlar hem bar.

Murat 2008-nji ýylda Çikago şäherine ilkinji gezek geleninde, ol ýerde diňe onlarça gyrgyzyň ýaşaýandygyny aýdýar. Häzir bolsa onuň ildeşleri 10 müňe golaýlaýar, şol sanda Çikagoda doglan iki müňe golaý çaga bar.

“Soňky iki ýylda, munuň kanunyny ýa-da däldigini bilemok, ýöne Meksikanyň üstünden gelen gyrgyzlylar köp duşýar. Olaryň köpüsi biziň jemgyýetimize ýa-da hut meniň özüme ýüz tutýar. Biz olara ruhy taýdan kömek edip bileris, ýöne maddy taýdan kömek edip bilmeýäris" diýip, Murat düşündirýär.

Žakşylyk Murat, Çikagodaky gyrgyz jemgyýetiniň utgaşdyryjysy

Muratyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystandan gelen talyplaryň ilkinji tolkuny ABŞ-a 2008-nji ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda gelipdir. Ol gelenleriň köpüsi studentlik wizalary gutarandan soň, öýlerine gaýtmandyr. Murat munuň ABŞ-nyň gyrgyz talyplary üçin, bilim programmalarynyň köpüsiniň ýatyrylmagyna sebäp bolandygyny aýdýar. Netijede, Gyrgyzystandan bolan ýaşlara ABŞ-a wiza almak has kynlaşypdyr.

Murat gyrgyzystanlylary ABŞ-a gelmek üçin, diňe kanuny ýollardan peýdalanmaga çagyrýar, şol sanda ýaşyl kartoçka almaga arza bermek üçinem kanunyň çäginde hereket etmeli diýýär. Şeýle hem ol öz watandaşlaryna ABŞ-da ykdysady mümkinçilikleriň ýokarlanmagyna garaşmaly däldigi barada hem duýduryş edýär.

Bir ulag kompaniýasynyň eýesi bolan Murat köp sanly gyrgyzystanlynyň 'nädogry maglumatlary' ýaýradýan blogçylar tarapyndan aldawa düşürilýändigini aýdýar. Olar migrantlaryň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýük awtoulag sürüjileriň aýda 25 müňden 30 müň dollar aralygynda gazanç edip biljekdigini aýdýarlar. Muratyň sözüne görä bolsa, Gyrgyzystanda sürüjiler aýda 60-120 dollar aralygynda gazanyp bilýärler.

“Aýda 15 müň dollar gazanmak mümkin, çykdajylar göz öňünde tutulanda, ondan 10 müň dollar çykýar. Diňe ol däl, başga çykdajylar bar. Inflýasiýa sebäpli awtoulag – tigir kärhanasy ejir çekýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, diňe bir ýük daşamak ulgamyndan başga-da, beýleki pudaklar hem kynçylyklara duçar bolýarlar" diýip, Gyrgyzystandan çykan Murat düşündirýär.

Merkezi Aziýanyň iň garyp ýurtlaryndan biri bolan Gyrgyzystanda garyplyk, korrupsiýa we mümkinçilikleriň ýoklugy adamlary daşary ýurtlardan gowy durmuş gözlemäge mejbur edýär.

Resmi maglumatlara görä, Gyrgyzystanda 6,7 million adam ýaşaýar, olardan, takmynan 1,2 milliony daşary ýurtlarda işleýär. Olaryň aglaba köpüsi Russiýada işleýär. Merkezi Aziýadan işçi migrantlarynyň köp bölegi Russiýa gidýärler.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, ABŞ-da takmynan 26 müň gyrgyzystanly ýaşaýar. Ýöne bu sana ABŞ-a rus pasportlary bilen gelen gyrgyzystanlylaryň we bu ýurtda bikanun ýaşaýanlaryň girýändigi ýa-da girmeýändigi belli däl.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri raýatlara ABŞ-a ýa-da beýleki daşary ýurtlara bikanun girmäge synanyşmak meselesinde, öz janyny howp astyna goýmazlyk barada, birnäçe gezek duýduryş berdiler.

Meksikanyň üstünden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geçmäge synanyşýanlaryň köpüsi Merkezi we Günorta Amerika ýurtlaryndan bolupdy. Ýöne soňky ýyllarda Afrikadan we Aziýadan has köp adam bu howply ýoly saýlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.